Peýdaly maslahatlar

Gara şokoladyň lezzeti

https://www.ussatnews.com/storage/posts/571/original-1600471c1e64da.png

Her günki iýýän iýmitiňizde gara şokoladyň hem bolmagy deriniň garramagyny haýýalladýar. Gündelik gara şokoladyň iýilmegi kollagen süýümleriň dargamagyny haýalladyp, deride maddalaryň alyş-çalşyny gowulandyrýar. Italiýaly hünärmenleriň geçiren barlaglary bolsa, gara şokoladyň sowuklamanyň öňüni almakda peýdasynyň uludygyny ýüze çykarypdyr.

Şokolad bilen baglanyşykly täsinlikler Ginnesiň rekordlar kitabynda hem mynasyp orun alandyr. Çagalaryň hem söýüp iýýäni şokoladdyr. Şokolad şähdiňi açýar hem gujurly, işjeň bolmaga ýardam edýär. Şokolad bilen süýtden taýýarlanan şerbet ynsan bedeniniň çeýeligini güýçlendirip, oňa rahatlyk berýär. Ony gereginden artyk iýmek zyýanlydyr. Ýadyňyzyň berkemegini, bedeniňiziň işjeňligini artdyrmak üçin günde bir bölek gara şokolad iýmäge çalşyň.

 

Başga peýdaly maslahatlar
168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.


167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.