Türkiýede "Magtymguly Pyragy we türki dünýäsiniň edebiýaty" atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkiýe döwletiniň paýtagty Ankara şäherinde Gündogaryň beýik akyldary we türkmen halkynyň milli şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli "Magtymguly Pyragy we türki dünýäsiniň edebiýaty" atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň ilçihanasy we TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan gurnalan bu konferensiýanyň açylyş sessiýasyna Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň başlygy, ýazyjy Ýakup Ömerogly başlyklyk etdi.
TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Baş sekretary Soltan Raewiň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň ilçileriniň we türki döwletleriň belli edebiýatçy alymlarynyň, görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň gatnaşan "Magtymguly Pyragy we türki dünýäsiniň edebiýaty" atly halkara ylmy-amaly maslahatynda Magtymguly Pyragynyň çeper döredijiliginiň türki döwletleriň edebi mirasyna eden edebi täsiri baradaky ylmy-nazary pikir-garaýyşlar beýan edildi.
Toýly Jänädow,
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy, ýörite ussatnews.com elektron gazeti üçin.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady.
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
12-nji martynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Türkmenabatda kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň döredijilik agşamy geçiriler
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde 11-nji martda Türkmenistanyň halk artisti, M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, alym, pedagog, görnükli kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň (1946-2025) hatyrasyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirler.
Balkanabatda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşurldy
Halkara zenanlar günine bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň her bir künjeginde bolşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem şatlykly dabaralaryň bady tutulýar.
Türkmen şahyrlary Burýatiýanyň edebi neşirinde
Ýaňy-ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Burýatyýa Respublikasynyň milli kitaphanasy tarapyndan neşir edilýän «Северо-Муйские огни» atly awtorlyk edebi žurnalyň N122 (2026-njy ýyldaky 1-nji sany) okyjylara gowuşdy.