Talyplar önümçilik tejribesini özleşdirýärler
Ajaýyp döwrümizde «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde ýaş nesliň döwrebap hünär öwrenmegi, kämil bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Talyplar owadan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ylmyň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýän tehniki serişdeler bilen abzallaşdyrylan binada bilim alýarlar.
Talyp ýaşlar nazaryýetde alan bilimlerini barlaghanalarda tejribe geçmek, şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konsernine degişli edara- kärhanalarda önümçilik tejribeligini geçmek bilen özleşdirýärler. Häzirki wagtda bu ýerde «Maglumat ulgamlary», «Elektroenergetiki ulgamlaryň awtomatizasiýasy we rele goragy», «Senagat enjamlaryny gurnamak we tehniki taýdan ulanmak», «Maşyngurluşygyň tehnologiýasy» hünärlerinde bilim alýan talyplarymyz okuw we önümçilik tejribesini üstünlikli geçýärler. «Elektroenergetiki ulgamlaryň awtomatizasiýasy we rele goragy» hünärinde önümçilik tejribesini geçýän geljekki hünärmenler tejribeligiň dowamynda transformatoryň wezipesi, işleýiş düzgüni, naprýaženiýanyň sazlanyşy, üýtgeýşi, elektrik maşynlary: generator, sinhron, asinhron hereketlendirijileriň işleýiş düzgüni, gurluşy, magnit hadysalary, mehaniki häsiýetnamasy we beýlekiler bilen tanyşýarlar. Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň talyplary häzirki wagtda Gün energiýasyndan elektrik energiýasyny öndürmegiň inçe syrlaryny öwrenýärler. Okuw mekdebiniň barlaghanalary döwrebap tehnikalaryň we enjamlaryň ähli görnüşleri bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu mümkinçilikler talyplarymyzyň dünýäniň bilim ulgamynyň ösüşi bilen deň gadam urmagyna ýardam edýär.
Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, giň gözýetimli, kämil derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri barada täze-täze başlangyçlary öňe sürýärler. Munuň netijesinde döwrebap ylmy-tehniki enjamlar bilen üpjün edilen bilim ojaklarynyň sany gün geçdigiçe artýar. Olarda sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy, internet ulgamyndan peýdalanylmagy ýaşlaryň bu ugurda dünýägaraýşyny artdyrmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň paýhasy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň düýp özeninde bagtyýar ýaş nesillerimiziň abadan şu güni, röwşen geljegi babatdaky aladalar durandyr.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.