Türkmenistan Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary dowam etmäge taýýar — DIM

Türkmenistan energetika akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyna ygrarlydyr hem-de Hazarüsti turba geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlar bilen özara hereketlerini dowam etdirmäge taýýardygyny mälim edýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligini köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ýaýradan habarynda aýdylýar.
Soňky wagtda halkara habar beriş serişdeleriniň birnäçesinde türkmen tebigy gazyny günbatar ugry boýunça ibermek taslamasyny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada teswirler peýda bolup başlady. Gürrüň Ýewropa bazarlaryna türkmen "mawy ýangyjyny" ibermek maksady bilen, Hazar deňziniň düýbünden gaz geçirijisiniň gurluşygy barada gidýär (Hazarüsti turba geçirijisi).
Uly göwrümli taslama gyzyklanmanyň şeýle “duýdansyz” ýüze çykmagy häzirki şertlerde, umuman, düşnükli hem muny düşündirip bolýar. Emma, şol bir wagtyň özünde, obýektiw we anyk faktlaryň üsti bilen düşündirilmegini talap edýär.
Türkmenistanyň teklibi boýunça Hazarüsti gaz geçirijisini gurmak başlangyjy ilkibaşda biziň ýurdumyz tarapyndan diňe bir ykdysady we söwda nukdaý nazaryndan esaslandyrylan taslama hökmünde däl, eýsem, önüm öndürijileriň, sarp edijileriň we üstaşyr geçirijileriň gyzyklanmalaryny we bähbitlerini deň hasaba almak bilen, ählumumy energetika howpsuzlygyň we durnuklylygyň esasy şerti bolup durýan energiýa akymlaryň diwersifikasiýasynyň düzüm bölegi hökmünde garaldy. Ýeri gelende aýdylsa, bu taslama bilen mümkin bolan gatnaşyjylaryň ählisi razy.
Bu mesele barada düýpli pikir alyşma 2007-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Brýussele resmi saparynyň dowamynda, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy, Ýewropa Komissarlary we Ýewropa Bileleşigiň dürli düzümleriniň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşiklerde başlandy. Şol ýylyň noýabrynda we 2008-nji ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşigiň energetika hyzmatdaşlygyna jogapkär resmi wekilleri Türkmenistana saparlary amala aşyrdylar, olaryň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energetika meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk barada ylalaşyklar gazanyldy. Duşuşyklaryň netijelerinden biri ol hem 2008-nji ýylyň maýynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energetika pudagynda özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilmegidir. Ýewropa Komissiýasynyň şol wagtky başlygy Žoze Manuel Barozonyň 2011-nji ýylyň başynda Türkmenistana resmi saparynyň dowamynda türkmen energiýa serişdeleriniň Ýewropa ugradylmagyny üpjün edýän usullary döretmäge özara taýýarlyk tassyklandy.
Şol bir wagtda, Türkmenistan BMG-niň çäginde hem energiýa howpsuzlygyň meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän giň gerimli gepleşikleriň başyny başlady, olaryň netijesinde 2008-nji ýylda Baş Assambleýanyň “Energiýa göterijileriň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň orny” atly ilkinji kararnamasy kabul edildi. 71 döwlet kararnamanyň awtordaşy boldy. 2013-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy bu kararnamanyň türkmen taslamasyny ýene bir gezek biragyzdan kabul etdi.
Şeýle pugta halkara-hukuk binýada esaslanmak bilen, Türkmenistan Hazarüsti turba geçirijisiniň gurluşygy baradaky pikirini amaly taýdan amala aşyrmaga mümkinçilik berjek zerur bolan syýasy, maliýe, guramaçylyk şertleri döretmek üçin tagallalary etdi. Şu maksat bilen, degişli energetika edaralarynyň ýolbaşçylaryndan düzülen Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizmi döredildi.
Ýewropa Bileleşigi tarapyndan hem, öz gezeginde, möhüm tagallalar amala aşyryldy, hususan-da, Hazaryň energiýa serişdelerini günbatar ugry boýunça çykarmak babatynda ulgamlaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin Ýewropanyň energetiki kompaniýalarynyň, banklarynyň we beýleki maliýe guramalarynyň birleşmesi hökmünde Hazar Ösüş Korporasiýasy döredildi. Ýewropa Bileleşigi tarapyndan Hazarüsti gaz geçirijisiniň geljegi uly bolan taslamalarynyň sanawyna goşulmagy hem kanunalaýyk bolup durýar.
Umuman, Hazarüsti turba geçirijisiniň gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk syýasy we funksional halkara goldawyna eýe bolup, yzygiderli we amaly taýdan ilerledildi.
2018-nji ýylda Hazarda syýasatyň esasy ýörelgelerini düzgünleşdirýän esasy resminamanyň - Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky konwensiýanyň bäş kenarýaka döwlet tarapyndan kabul edilenden soň, bu taslamanyň halkara-hukuk esaslandyrylmasy hem şübhesiz bolup durýar.
Şol resminamanyň 14-nji maddasynda, hususan-da, şeýle diýilýär:
“1. Taraplar Hazar deňziniň düýbünden suwasty kabelleri we turba geçirijileri çekip bileler.
3. Suwasty kabelleri we turba geçirijileri çekmek üçin ugry kesgitlemek suwasty kabel ýa-da turba geçiriji düýp böleginiň üstünden geçýän Tarap bilen ylalaşmak boýunça amala aşyrylýar.”
Şeýlelik bilen, häzirki wagtda Hazarüsti turba geçirijisiniň gurluşygy Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda düýbüniň çäkleriniň kesgitlenmegi bilen gönüden-göni baglanyşykly bolup durýar.
Mundan başga-da, Türkmenistan gaz geçirijiniň gurluşygyna päsgel berýän syýasy, ykdysady ýa-da maliýe sebäpler ýokdugyna berk ynanýar. Eýsem, Hazarüsti turba geçirijisi ykdysady nukdaý nazardan esaslandyrylan, Ýewraziýada energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde ep-esli goşant goşup biljek, üstaşyr geçirýän tarapyň aýdyň bähbitlerini we gyzyklanmalaryny berjaý etmek bilen, ýewropaly sarp edijiler üçin çig mal çeşmelerine uzakmöhletleýin we üznüksiz elýeterliligi üpjün etjek hakyky taslama bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Lebapda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
15-nji oktýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Dabara Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Petronas “OGT 2025” 30-njy halkara sergisiniň we maslahatynyň brilliant hemaýatkäri boldy
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» 30-njy halkara maslahatynyň we sergisiniň (OGT 2025) guramaçylyk komiteti Malaýziýanyň PETRONAS energetika kompaniýasynyň bu möhüm çäräniň brilliant hemaýatkäri bolandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu çäre 2025-nji ýylyň 22–24-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler.

OGT 2025: Türkmenistan dünýä energetikasynda täze döwre gadam basýar
«Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň 30-njy şanly senesi dünýäniň energetika bazarynda ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy hökmünde eýeleýän ornuny tassyklamak bilen, oňa dünýäniň köp sanly döwletlerinden wekilleriň gatnaşýandygyny görkezýär.

Nebitgaz toplumynda «Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda «Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Сотрудники «Nebitgazylmytaslama» способствуют росту добычи нефти в Туркменистане
«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň gatlagyň fizikasy barlaghanasynyň müdiri Ýazberdi BÄŞIMOW: