Aşgabatda Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyraga bagyşlanan şahyrana eseriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

15:48 19.08.2023

https://www.ussatnews.com/storage/posts/5894/original-164e1b74d37bed.jpeg

18-nji awgustda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Arkadagly döwrüň bardyr, Pyragy!» atly dabaraly maslahat geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusynyň tanyşdyrylmagyna bagyşlandy.

Çykyş edenler watandaşlarymyza ajaýyp sowgat — täze eseri üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip hem-de şygryýet äleminde üstünlikleri arzuw edip, bu ýere ýygnananlary we ähli türkmenistanlylary bu ajaýyp waka bilen gutladylar. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze goşgy hemmeler üçin, aýratyn-da, döredijilik işgärleri üçin ylham çeşmesine öwrüler.

Berkarar döwletimizde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şatlykly wakalara, dabaralara beslenýändigi, munuň şeýlediginiň 17-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda gurulýan Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumyna baryp, şol ýerde täze goşgusyny okap berip, halkymyza sowgat etmeginden hem aýdyň görünýändigi nygtaldy.

Gahryman Arkadagymyzyň Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap ýazan bu ajaýyp goşgusy merkezi gazetlerde hem çap edildi. Beýik Pyragynyň 300 ýyllygy barada söhbet açylanda, 2024-nji ýylda dabaralandyryljak bu şanly senäniň ähmiýetine üns çekildi.

Çykyşlaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň täze goşgusyndan setirler hem okalyp, olar mysal hökmünde getirilip, Köpetdagyň eteginde howalanyp, örboýuna galan beýik Pyragynyň «Berkarar döwlet istärin» diýip arzuwlan döwletiniň — Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň ýeten derejelerini, halkynyň eşretli ýaşaýşyny belentden, uly buýsanç bilen synlap duran akyldar şahyryň ruhunyň hyýallara dolýandygy bellenildi.

Milli Liderimiziň täze goşgusynyň setirlerine aralaşsaň, Magtymguly Pyragynyň şahsyýetini, döredijiligini belende galdyrmakda, dünýä tanatmakda Gahryman Arkadagymyzyň bitiren hyzmatlary hakynda oýlananyňy duýman galýarsyň. Sebitde deňi-taýy bolmadyk täze heýkeli gurmak başlangyjynyň hem Gahryman Arkadagymyza degişlidigini, onuň gurluşygy bilen yzygiderli gyzyklanýandygyny, häzirki wagtda bolsa bu işiň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan berk gözegçilikde saklanýandygyny bellemek gerek. Bulardan başga-da, daşary ýurtlarda-da, Türkmenistanda-da Magtymguly Pyraga goýulýan hormat-sarpa, bu ugurda dikilen heýkeller, çap edilen makalalar, ylmy işler, çeper kitaplar birin-birin göz öňüne gelýär diýip, çykyş edenler aýtdylar.

Maslahatda edilen çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň bu belent heýkeliniň ýanynda iş saparynda bolanda, Gahryman Arkadagymyzyň iri medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurt nusgawy şahyrlarynyň we akyldarlarynyň heýkelleriniň hem oturdylmagynyň maksadalaýyk boljakdygy barada pikirini beýan edip, özüniň gymmatly maslahatlaryny berendigine, şeýle heýkelleriň oturdylmagynyň medeni-seýilgäh toplumyndaky beýik akyldar şahyrymyzyň ýadygärligi bilen özboluşly sazlaşygy emele getirjekdigi barada aýdanlaryna üns çekildi.

Mundan başga-da, dabaraly maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň ozal ýazan eserlerinde-de, döwlet ähmiýetli dabaralardyr maslahatlarda edýän çykyşlarynda-da Magtymguly Pyragynyň döredijiligine aýratyn ornuň berilýändigi bellenilip geçildi. Sebäbi Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine, syrly setirlerine düşünmegi, seljerme bermegi, olary düşündirmegi başarýan beýik şahsyýet, beýik ynsan. Beýik ynsan beýiklik barada ýazanda, her bir söz, her bir setir göwnüňe jaý, ýüregiňe jüňk bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň täze goşgusy munuň aýdyň mysalydyr diýip, çykyş edenler aýratyn nygtadylar.

Şeýle hem çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň şygyr eseriniň many-mazmunyna syn bermegiň, ony düşündirmegiň hem-de wagyz etmegiň bu ugurda işleýän bilermenleriň, hünärmenleriň, alymlaryň, döredijilik işgärleriniň paýyna degişli bolup durýandygyna üns çekildi.

Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyzyň täze goşgusynyň sözlerinden, setirlerinden ruhlanyp, täze eserleri döretmek, spektakllary sahnalaşdyrmak, kinofilmleri düşürmek döredijilik işgärleriniň mukaddes borjudyr diýip, çykyş edenler aýtdylar we geljekde bu ugurda degişli işleriň alnyp baryljakdygyna ynam bildirildi.

Maslahatyň dowamynda ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar, çeper okaýyşlar çäräniň dabarasyny artdyryp, oňa baýramçylyk öwüşginlerini çaýdy. Ýurdumyzyň belli estrada aýdymçylary Magtymgulynyň sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler, şahyrlar beýik Pyragynyň şygyrlaryndan okap berdiler, edebiýatçy alymlar akyldar şahyryň käbir goşgy setirleriniň aňladýan manylary barada gyzykly gürrüň berdiler. Dabaraly maslahatyň şeýle gyzykly söhbetler bilen utgaşdyrylyp alnyp barylmagy onuň täsirliligini artdyrdy.

Şonuň ýaly-da, çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabadyň günorta-günbatar künjeginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň ähli watandaşlarymyzy, esasan-da, ýazyjy-şahyrlarymyzy buýsandyrýandygy barada durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjydyr şahyrlaryň döredijilikli, öndürijilikli işlemekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi nygtaldy. Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, çykyş edenler adamzadyň medeni-ruhy genji-hazynasyna uly goşant goşan beýik akyldar şahyrymyzyň, ýurdumyzda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda-da sarpasynyň belent tutulýandygyny bellediler. Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlarynyň dünýä halklarynyň dürli dillerine terjime edilmegi, onuň döredijiliginiň alymlardyr magtymgulyşynaslar tarapyndan içgin öwrenilmegi şahyryň halkymyza miras galdyran gymmatly eserleriniň ähmiýetini açyp görkezýär.

Mälim bolşy ýaly, alymlaryň köp sanlysy türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyrynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge we wagyz etmäge, ylym, bilim, medeni-ynsanperwer ulgamda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşan uly goşandy üçin Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalyna mynasyp boldular. Beýik şahyryň döredijiligine bagyşlanyp, dünýä ýurtlarynda dürli çärelerdir maslahatlar geçirilýär. Şolarda Magtymgulynyň özbaşdak döwlet baradaky gymmatly ündewleriniň Türkmenistanyň syýasatynyň esaslaryny emele getirýändigi bellenilýär.

Häzirki wagtda Magtymgulynyň ady bütin dünýä bellidir. Onuň öçmejek eserleri bolsa dürli dillerde neşir edilýär. Beýik şahyryň döreden goşgulary geçen döwürleriň meşhur edebiýat ussatlarynyň we filosoflarynyň eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Şahyryň döredijiligi dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girdi.

Bular barada durup geçmek bilen, çykyş edenler her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşykly bellenilmeginiň uly manysynyň bardygyny nygtadylar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň Garaşsyz döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik hakyndaky arzuw-islegleri bu gün ajaýyp döwrümizde hasyl boldy. Dana Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasyna ýugrulan, kämil many-mazmunly goşgulary halky halal zähmete, belent maksatlara ruhlandyrmakda, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir diýip, bu ýere ýygnananlar bellediler.

Ençeme asyrlardan soň hem Magtymgulynyň öz döredijiliginde beýan eden beýik taglymlary, Watanyna bolan çäksiz buýsanjy Türkmenistanda ýaşaýan adamlar üçin hem, beýleki döwletlerde ýaşaýan raýatlar üçin hem ýakyndyr we düşnüklidir. Ajaýyp zehin üçin serhet ýokdur, ol döwre we aradaşlyklara garamazdan, ynsan kalbyny tolgundyryp bilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň geljek ýyl belleniljek 300 ýyllygyna bagyşlap döreden täze goşgusy bolsa kalplary ýagtylandyrýan öwüşginleri bilen ajaýyp Watanymyzyň durmuşyny baýlaşdyrýar, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze üstünliklere we ýeňişlere ruhlandyrýar diýip, çykyş edenler buýsanç bilen aýtdylar.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän özgertmeler halkara ylmy gatnaşyklaryň giňeldilmegine, dünýäniň ruhy genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen milli medeni mirasyň çuňňur öwrenilmegine hem-de wagyz edilmegine ýardam berýär. Şu babatda öz zehinini adamzadyň öçmejek gymmatlyklaryna bagyş eden Magtymguly Pyragynyň dünýäniň ruhy-aňyýet ösüşinde meşhur şahsyýetleriň biri bolup durýandygy nygtaldy.

Maslahata gatnaşyjylar Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda ýetilen sepgitlere, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň halkara ynsanperwer gatnaşyklar ulgamynda öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň ähmiýetine, umumadamzat ruhy gymmatlyklary nukdaýnazaryndan türkmen nusgawy edebi mirasynyň öwrenilişi baradaky meselelere üns çekdiler hem-de dünýä halklarynyň çeper döredijiliginiň ösüşine uly täsirini ýetiren Magtymgulynyň mirasynyň ähmiýetiniň milli çäklerden çykýandygyny hem-de mundan beýläk-de çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenilmegini talap edýändigini aýtdylar.

Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze goşgusynyň ähmiýeti uly bolar. Çünki bu eser beýik ynsanperwer şahsyýet Gahryman Arkadagymyzyň galamyndan çykansoň, Magtymguly Pyragynyň hem-de onuň edebi döredijiliginiň beýikligine beýikligiň derejesinden göz ýetirip bolar diýlip, çykyşlarda nygtaldy.

Dabaraly maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň 17-nji awgustda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de Aşgabady ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalary bilen tanşandygy barada hem durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň akyldar şahyryň döredijiliginiň çuňňur öwrenilmeginiň, aýratyn-da, bu işe ýaşlaryň işjeň çekilmeginiň, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň çözgüdine jogapkärçilikli çemeleşmegiň wajypdygy barada aýdan sözlerine üns çekildi.

Dünýä edebiýatynyň naýbaşy eserleriniň hatarynda pugta orun alan Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä alymlarynyň, edebiýatçylarynyň üns merkezinde saklanýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow beýik akyldaryň öçmez-ýitmez eserleriniň giňden wagyz edilmeginiň, türkmen ýazyjylarynyň häzirki zaman eserlerinde Magtymguly Pyragynyň wasp edilmeginiň möhümdigini nygtady.

Gahryman Arkadagymyz bu iri medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagynyň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik şahyrynyň hem-de akyldarynyň 300 ýyllygynyň giňden baýram ediljek senesiniň hormatyna geçiriljek giň gerimli dabaralaryň özboluşly başlangyjyna öwrüljekdigini belläp, toplumyň açylyş dabarasy mynasybetli guraljak çäreleriň ýatda galyjy pursatlara beslenmelidigine ünsi çekdi hem-de taryhy ähmiýete eýe boljak sene mynasybetli guraljak aýdym-sazly çykyşlar häzirki döwrüň ruhuna kybap gelmelidir we olarda mähriban Watanymyzyň ösüşi, şahyra ählihalk söýgüsi öz beýanyny tapmalydyr diýip belledi.

Şeýlelikde, dabaraly maslahat Magtymguly Pyraga we onuň baý mazmunly, gymmaty hiç egsilmejek döredijiligine Gahryman Arkadagymyzyň neneňsi belent hormat-sarpa goýýandygyny äşgärligi bilen görkezdi. Bu bolsa dabaraly maslahata gatnaşyjylaryň dürli, şol sanda aýdym-sazly, çeper okaýyşly çykyşlarynda aýdyň beýanyny tapdy. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şeýle kämil eseri döredip, halkymyza ajaýyp sowgat edendigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döredijiliginde mundan beýläk-de täze ylham, täze eserleri arzuw etdiler.

Başga habarlar
16637a24bdcf9b.jpeg
Nebitgaz toplumynda ýylyň dört aýynyň jemlerine garaldy

4-nji maýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


166353fe3afdf6.jpeg
Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ugrunda täze AÝGB-ler işe girizildi

Mary welaýatynyň Mary etrabynda Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen-Mary böleginiň 309,7-nji kilometrinde iki sany täze Awtoulaglara ýangyç guýujy beket işe girizildi. Olar “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň Wekilbazar nebit önümleri kärhanasynyň sargydy boýunça guruldy.


16635395f30de9.jpeg
“Türkmengaz” DK önümçilik desgalaryny dolandyrmak we maglumatlary toplamak ulgamyny işe girizer

“Türkmengaz” döwlet konserni konserniň önümçilik desgalaryny merkezleşdirilen dessin-dispetçer dolandyryş we maglumat toplaýyş ulgamyny “açary gowşurmak” şerti bilen gurmak boýunça halkara bäsleşigiň deslapky saýlawyny yglan etdi. Bu barada bildiriş “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edildi.

1663380d7da384.jpeg
Çig mala baý Nogaý käni

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň «gara altyn» we «mawy ýangyç» gözleýji burawlaýjy toparlarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir aýynda ýerine ýetirýän giň gerimli işleri buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.


1663291bc0b1ee.jpeg
Nebitgaz toplumynda sport bäsleşikleri guramaçylykly geçirildi

Geçen hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan nebitgaz toplumynyň işgärleriniň arasynda «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» şygary astynda sportuň birnäçe görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi.