Yragyň wekiliýeti «Türkmengaz» DK bilen türkmen tebigy gazyny satyn almagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylygy bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Yrak Respublikasynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Yragyň wekiliýetine Energetika ministriniň orunbasary Adil Karim Kak Ahmed we nebit ministriniň orunbasary Ezat Sabir Esmail ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň maksady Eýran Yslam Respublikasynyň üsti bilen Yraga SWAP (çalşyk amaly) türkmen tebigy gazyny satyn almak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boldy.
Energetika ministriniň orunbasary Adil Karim Kak Ahmed duşuşygy gurnanlygy we myhmansöýerligi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem Türkmenistan bilen Yragyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda guraljakdygyny bellediler.
Yrak wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, ýurduň infrastrukturasynyň depginli ösmegi bilen baglylykda, Yragyň türkmen tebigy gazyna zerurlygy artýar. Duşuşygyň barşynda myhmanlar «Türkmengaz» döwlet konserni bilen 5 ýyldan az bolmadyk möhletde tebigy gazy satyn almak hakynda uzakmöhletleýin şertnamanyň esasynda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.
Myhmanlary diňläp hem-de yrak ykdysadyýetiniň energiýa serişdelerine zerurlyklaryna baha berip, «Türkmengaz» DK-nyň wekilleri türkmen tarapynyň özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardygyny nygtadylar.
Hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň birinji ädimi hökmünde iki tarapyň — «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Yrak Respublikasynyň Energetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmegiň esasynda tebigy gaz satyn almak hakynda Ähtnama baglaşmagyň zerurlygy bellenildi.
Duşuşygyň barşynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Eýrana gaz geçirijisiniň üsti bilen Türkmenistandan tebigy gaz ibermelerini ýola goýmak bilen bagly meseleleriň tehniki, maliýe we söwda meseleleri maslahatlaşyldy.
Ähtnamanyň taýýarlanan taslamasy iki tarapyň wekilleri tarapyndan garaldy. Geňeşmeleriň netijesi boýunça resminama degişli bellikler bilen ýetirildi, Ähtnamanyň gutarnykly formasy bolsa özara ylalaşyldy we kabul edildi. Ýakyn wagtda yrak tarapy Gaz satyn almak hakynda Ähtnama gol çeker.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.