Habarlar

«Ýaňlan, Diýarym! — 2023» telebäsleşigi sungat äleminde birnäçe ýaş zehinleri ýüze çykardy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/5944/original-164e9c75dd0560.jpeg

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda belleniljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda ýaş aýdymçylaryň arasynda geçirilen «Ýaňlan, Diýarym! — 2023» telebäsleşigi sungat äleminde birnäçe ýaş zehinleri ýüze çykardy.  

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilýän bäsleşik ýaşlara döredijilik zehinini, ukyp-başarnygyny açyp görkezmäge giň mümkinçilik berýär. «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda zehinli aýdymçylaryň 12-si bäsleşip, olar nusgawy, halk we döwrebap aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bäsleşige gatnaşan ýaş, zehinli aýdymçylar ýüregindäki ylhamy aýdym-sazyň üsti bilen beýan etmegi başardylar. Türkmen aýdym-saz sungatynda özboluşly ýol goýan halypalaryň aýdan aýdymlaryny bu günki günde ýaş zehinlerimiz döwrebap öwüşginde ýerine ýetirýärler. Ýurdumyzda medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň döredijilik taýdan kämilleşmekleri üçin ähli şertler döredilip, döwrebap medeniýet merkezleri gurulýar.

Aşgabat agşamynyň owadan öwüşginlerinde açyk sahnada ýaş, zehinli aýdymçylaryň köňlünde beslän duýgularyny zybana getirip, mahmal owazy bilen joşup duran pursadyny synlanyňda, halypalaryň ýoluny mynasyp dowam etdirýän ýaş zehinleriň ýetişýändigine buýsanýarsyň. Ine-de, döredijilik bäsleşiginiň tolgundyryjy pursady. Tomaşaçylaryň joşgunly el çarpyşmalary astynda ýeňijileri ň altysy — Aş gabat şäheri ni ň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiniň informatika mugallymy Hezretguly Guldurdyýew, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy Batyr Şalarow, Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň Balkanabat şäher medeniýet merkeziniň usulyýetçisi Bagdagül Mämmetgurbanowa, Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň «Dostluk çemeni» tans toparynyň artisti Aýgözel Batyrowa, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Saýat galla kabul ediş nokadynyň tüwi sehiniň ussasy Babajan Rozyýew, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Oguzhan şäherçe medeniýet merkeziniň akkomponiatory Nurýagdy Bekiýew dagy yglan edilip, olar ýörite diplomlar we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan altyn zynjyr bilen sylaglandylar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisine döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşige gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip, geljekde-de ajaýyp aýdymlary bilen Watanymyzyň waspyny etjekdiklerine ynandyrdylar.

Başga habarlar
16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.