Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň açylyşyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz Akademiýanyň toplumy bilen tanyşdy. Bu ýerde döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýolbaşçy işgärleri we döwlet gullukçylaryny taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli şertler döredildi.
Akademiýanyň düzüminde iki fakultet: döwlet dolandyryş fakulteti hem-de hünär ýokarlandyryş fakulteti hereket edýär. Bu ýerde 7 kafedra: Döwlet we halkara hukugy, raýat hukugy, ykdysadyýet we maliýe, menejment, sanly ykdysadyýet we maglumat tehnologiýalary, jemgyýeti öwreniş ylymlary, daşary ýurt dilleri kafedralary işleýär. Birnäçe ugurlar boýunça okuwlar magistraturada amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyna laýyklykda döredilen bu Akademiýa şu ýyl özüniň 15 ýyllygyny belleýär. Döwlet edaralarynyň hem-de ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiň we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň netijeli işlemegi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulmagynyň möhüm şerti bolup durýar. Şu maksatlar bilen Akademiýanyň öňünde ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine mynasyp goşant goşjak hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça örän jogapkärli wezipeler goýuldy.
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar
"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar
«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.