«AÝBÖLEK» MEBEL KÄRHANASY HALKARA HYZMATDAŞLYGYNY ÖSDÜRÝÄR
Ýokary hilli we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri bilen adygan «Aýbölek» mebel kärhanasy täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda goňşy Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde Al-Farabi adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň täze açylýan 400 orunlyk binasy üçin niýetlenen ýokary hilli partalary eksport etdi. Munuň özi milli kärhanalarymyzyň nobatdaky uly üstünlikleriniň aýdyň mysalydyr. Ýeri gelende, bu kärhananyň geçen ýylyň güýzünde hem Gazagystan Respublikasynyň Alma-Ata şäherindäki Gazak milli uniwersitetiniň ýanynda ulanyşa berlen 720 orunlyk döwrebap orta mekdebi okuw partalary bilen üpjün edendigini ýatlamak ýakymlydyr.
20 ýyldan gowrak ozal önümçiligine başlan «Aýbölek» mebel kärhanasy önümçiligiň depginini ýylsaýyn ýokarlandyryp, halkymyzy ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli mebel önümleri bilen üpjün edip gelýär. Ýurdumyzyň mebel önümçiliginde öňdebaryjy orny eýeleýän kärhana şeýle üstünlikleri gazanmak üçin önümçilige döwrüň ösen tehnologiýalaryny, täzeçil iş usullaryny we oňyn halkara tejribesini yzygiderli ornaşdyrýar.
«Aýbölek» mebel kärhanasynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň buýurmalary esasynda ýaşaýyş jaýlarynyň öý goşlary, mekdeplerdir çagalar baglary üçin partalar, oturgyçlar, şkaflar, saglygy goraýyş, bilim, harby we hukuk goraýjy düzümler üçin zerur mebel önümleri taýýarlanylýar. Şeýle hem kärhanada ýaşaýyş jaýlary, edara binalary, ofis otaglary, myhmanhanalar, naharhanalar, sport desgalary, harby bölümler, lukmançylyk edaralary üçin niýetlenen beýleki mebel önümleriniň, gapylaryň we demir derwezeleriň dürli görnüşleri öndürilýär. Olar bahalarynyň amatlydygy, ekologiýa taýdan arassalygy, berkligi, çydamlylygy bilen tapawutlanyp, hil babatda daşary ýurt harytlaryndan birjik-de kem galmaýar.
Täze 2023-2024-nji okuw ýylynda bu mebel kärhanasy ýurdumyzdaky bilim ojaklaryny ýokary hilli önümler bilen üpjün etmekde-de uly üstünlikleri gazandy. Kärhana Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Gowak geňeşliginiň Gowak obasynda 160 orunlyk çagalar bagyny mebel önümleri bilen doly üpjün etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralary, orta mekdepleri we ýokary okuw mekdepleri üçin partalaryň 5 müňden gowragy taýýar edildi. Munuň özi telekeçileriň täze okuw ýylyny hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň barha ýakynlap gelýän baýramyny toý sowgatlary bilen garşylaýandygyny görkezýär.
Mebel kärhanasynyň önümleriniň soňky ýyllarda birnäçe gezek abraýly halkara düzümler tarapyndan «Ýylyň önümi» diýen ada mynasyp görülmegi, şeýle hem degişli sertifikatlardyr baýraklar bilen sylaglanylmagy türkmen telekeçileriniň dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde uly tejribe toplandygyny tassyklaýar.
Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.