Habarlar

Ýanwar-awgust aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% boldy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/6000/original-165006cf004bcf.jpeg

2023-nji ýylyň sekiz aýynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu barada geçen anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda habar berildi.

Bu görkeziji 6,2 göterim artdy. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,3 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 9,6 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 2,5 göterim ýokarlandy.

Şu ýylyň sekiz aýynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 112,6 göterim we çykdajy bölegi 97,9 göterim ýerine ýetirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,9 göterim artdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň we Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny bellenen möhletlerde taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady.

Bank ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany bank hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek we banklaryň tölege ukyplylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Başga habarlar
16a60f59134cef.jpeg
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar

"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.


16a5f344e54b8b.jpeg
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.


16a5a13df218be.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.

16a5863310decb.jpeg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.


16a53e165189bc.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.