Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdy
Çarşenbe güni Türkmenistanyň Hökümetinde öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen nebitgaz ulgamynda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meseleleri boýunça gepleşikler geçirildi.
M.Jabbarowyň, SOCAR kompaniýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bilen geçirilen duşuşygynda energetika ulgamynda, uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek we işläp taýýarlamak, mümkin bolan taslamalary durmuşa geçirmek ulgamynda pikir alyşmalar geçirildi.
Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministriniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew bilen duşuşygynyň barşynda iki ýurduň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine garaldy, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
SOCAR-yň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda energetika ulgamynda baglaşylan şertnamalaryň hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm goşantdygy nygtaldy.
Şol gün M.Jabbarow wise-premýer, Hökümetara Türkmen-azerbaýjan toparynyň başlygy Batyr Atdaýew bilen duşuşdy. Onuň barşynda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny artdyrmagyň mümkinçilikleri we iki ýurduň işewür toparlarynyň gatnaşyklaryny giňeltmek meseleleri maslahatlaşyldy.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.