Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2023-nji ýylyň dokuz aýynyň işiniň jemleri jemlenildi
5-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi we öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, nebit we gaz kondensatyny çykarmak, polipropilen öndürmek boýunça tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 100,4 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,3 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 105,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 105,1 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,9 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 111,2 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 109,4 göterim, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň meýilnamasy 114,3 göterim berjaý edildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidip we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanyp, uglewodorod serişdeleriniň täze gorlaryny açmagyň wajypdygyny nygtady.
Toplumyň kärhanalaryny doly güýjünde, bökdençsiz işledip, ýokary hilli önümleri öndürmegiň zerurdygyny aýdyp, döwlet Baştutany wise-premýere bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.