Türkmenistanyň Prezidenti: Türkiýä boljak resmi saparymyz türkmen-türk gatnaşyklarynda täze sahypany açar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna boljak resmi saparynyň türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.
Bu barada Türkmenistanyň Baştutany Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşygynda belledi diýip, TDH habar berýär.
Köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda söwda-ykdysady ulgama aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigi bellenildi.
Biziň döwletlerimiz ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler diýip, döwlet Baştutany nygtady hem-de ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalaryň çäklerinde hem özara bähbitlilik esasynda üstünlikli ösdürilýär we pugtalandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany, hususan-da, BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny, tekliplerini goldaýandygy üçin türk tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şunda Hökümet wekiliýetleriniň özara saparlary, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilýän yzygiderli geňeşmelerdir duşuşyklar möhüm şert bolup çykyş edýär.
Myhman döwlet Baştutanyna hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Türkiýede doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysyny gadymy türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şu gezekki saparyň çäklerinde meýilleşdirilen gepleşikleriň, duşuşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Şeýle hem döwlet Baştutany jenap Hakan Fidany we doganlyk türk halkyny ýakynda belleniljek şanly sene — Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy bilen gutlady.
Daşary işler ministri hormat goýmak hem-de özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegine Türkiýäniň aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň doganlyk döwletidir, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bolsa strategik häsiýete eýedir. Köpasyrlyk türkmen-türk gatnaşyklary baý tejribä esaslanyp, syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýokary derejesi munuň aýdyň güwäsidir.
Çarşenbe güni ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşyk geçirildi. Onda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna» gol çekildi.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.