Habarlar

Ýurdumyzda ilkinji gezek «Arkadagyň säheri» halkara film festiwaly geçirildi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/6167/original-1652d1892ef437.jpeg

14-15-nji oktýabrda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzda ilkinji gezek «Arkadagyň säheri» halkara film festiwaly geçirildi. Bu uly çärä Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Fransiýanyň aktýorlary, režissýorlary, kino, teatr artistleri, prodýuserleri gatnaşdylar.

Olaryň hatarynda Özbegistanyň Kinematografiýa agentliginiň režissýory Dilşodbek Usmanow, «Russia Today» teleýaýlymynyň habarçysy we režissýory Ýelena Norkunaýte, film tankytçysy Ihsan Nurullah Kabil, režissýor Israfil Kuralaý, «Bozdag Film» kinokompaniýasynyň esaslandyryjysy Mehmet Bozdag, türk kino ýyldyzlary — Burak Özçiwit, Özjan Çagry Şensoý, Fatih Aýhan, Ýigit Uçan, Murat Bonjukçi, «Monde et Media» fransuz kompaniýasynyň artisti Eduar Montut hem-de prodýuseri Žan-Mari Laronz bar.

Däp bolşy ýaly, dabaranyň öň ýanynda hormatly myhmanlar gyzyl haly düşelen ýodadan geçdiler.

Soňra Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagy ýokary ruhybelentlik bilen garşy alyndy.

Daşary ýurtly artistlerl, hususan-da, Türkiýeden we Fransiýadan gelen kino ýyldyzlary ýurdumyzda şeýle kinofestiwallaryň geçirilmeginiň tomaşaçylaryň kinofilmlere ýokary gyzyklanmasyny görkezendigini we goňşy döwletleriň kinematograflary bilen özara tejribe alyşmaga mümkinçilik döredendigini nygtadylar.

Medeni çäräniň jemleýji gününde halkara kinofestiwalyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, geljek ýylda bu şäherde “Gorkut ata” kinofestiwaly geçiriler.

Halkara kinofestiwala gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, medeniýet ulgamyny ösdürmek baradaky aladalary, netijeli işlemäge döredilen ähli şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Başga habarlar
16a9d1742084d7.jpeg
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.


16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.

16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.


16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.