Aşgabatda OGT 2023 XXVIII Halkara maslahatyna we sergisine jemleýji taýýarlyk işleri geçirilýär
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň hünärmenleri möhüm waka – “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2023” (OGT 2023) atly XXVIII Halkara maslahatyna we sergisine jemleýji taýýarlyk işlerini alyp barýarlar, bu çäre 25-27-nji oktýabrda paýtagtymyzda geçiriler.
Ýurdumyzyň energetika pudagy üçin möhüm çäreleriň biri bolan bu giň gerimli forumy «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde “Türkmen Forum” HJ bilen hyzmatdaşlykda guraýarlar. Onda nebitgaz pudagyny ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Däp bolşy ýaly, OGT 2023 Aşgabatda dünýäniň nebitgaz kompaniýalarynyň wekillerini, şeýle hem Türkmenistandan we daşary ýurtlardan pudagyň bilermenlerini we ýolbaşçylaryny bir ýere jemlär. Maslahatyň çäklerinde dünýäniň enegetika bazaryndaky ýagdaýlara, nebitgazly ýataklary özleşdirmek hem-de Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek mümkinçiliklerine bagyşlanan çykyşlaryň we çekişmeleriň birnäçesi meýilleşdirildi.
Garaşylyşy ýaly, maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan täze maýgoýum taslamalary bilen tanyşdyrylar. Olar ägirt uly “Galkynyş” gaz känini işläp taýýarlamagyň, TOPH gazgeçirijisini gurmagyň, gury ýerde nebiti we gazy çykarmagy amatlaşdyrmagyň, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýataklary, gaýtadan dikeldilýän energetikany özleşdirmegiň geljekki tapgyrlaryny öz içine alýar.
Uglewodorod serişdelerini gazyp almakda we metanyň taşlandylaryny azaltmakda ekologiýa meselelerine aýratyn üns berler.
Maslahata iri energetika kompaniýalaryna we guramalaryna wekilçilik edýän abraýly spikerler gatnaşarlar. Olaryň hatarynda - SPE-niň (inžener nebitçileriň jemgyýeti) prezidenti Medhat М. Камаl, Russiýada we GDA-da işleýän Baker Hughes kompaniýasynyň prezidenti Ýelena Akolsewa , GHG Sat-niň prezidenti Stefan Jermeýn, Dragon Oil kompaniýasynyň direktory Аli Raşid Al Jarwan, CNPC kompaniýasynyň baş direktory Çen Huaýlun, ADNOC kompaniýasynyň wise-prezidenti Jasper Peyjs, OPEC-niň (nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasy) nebit gözleg işleri bölüminiň ýolbaşçysy Behruz Baýkalizade, BMG-niň durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti, Halkara Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Gaý Lens, şeýle hem ilçi, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Metanyň zyňyndylary boýunça halkara obserwatoriýasynyň ýolbaşçysy Manfredi Kaltajirone, GHGSat Inc. kompaniýasynyň prezidenti Stefan Žermen, Climate Compass kompaniýasynyň halkara işewürligi ösdürmek bölüminiň ýolbaşçysy Sandilýo Banerji we beýlekiler bar.
Şeýle hem OGT-2023 Halkara maslahatynyň işine daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Mysal üçin, Londonyň Imperiýa kollejine ekologiýa taýdan arassa energetika professory Pol Fennell, Russiýanyň I.M.Gubkin adyndaky Nebit we gaz döwlet uniwersitetine bolsa professor Nadežda Şewelewa wekilçilik ederler.
Maslahat däbe öwrülen görnüşde, şeýle hem onlaýn-formatda geçiriler. Guramaçylar bellige alynan wekilleriň hemmesine wiza goldawyny üpjün etdiler.
Maslahat bilen ugurdaş sergi guralar, oňa Dragon Oil, CNPC, Petronas, PEL, Honhua, Rosen Group, Sumitomo, Yug-Neftegaz, Tatneft, ENI, Rönesans, Schlumberger, Transneft, Interpaýp, KAMAZ we beýleki ençeme meşhur kompaniýalar gatnaşarlar.
Sergi ýurdumyzyň we dünýäniň nebitgaz pudaklarynyň ösüşiniň häzirki meýillerine laýyklykda olaryň iň gowy gazananlaryny görkezer. Ol milli we halkara nebit kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam eder.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz, bank, himiýa we energetika ulgamlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar meýilleşdirildi, ol geljekki hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we täze maýagoýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer.
Forumyň guramaçylary maslahatyň işine we sergä öňdebaryjy halkara energetika kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň we dünýäniň esasy maliýe institutlarynyň köpsanly ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşýarlar, olar halkara hyzmatdaşlygyny we energetika pudagyny durnukly ösdürmäge ýardam etmek boýunça dialogy berkiderler, tejribe alyşarlar hem-de Türkmenistanyň nebit pudagynyň we gaz toplumynyň ösüşine täsir edýän sebit we dünýä meýillerini ara alyp maslahatlaşarlar.
OGT-2023 forumyň hyzmatdaşlarynyň hatarynda Hyundai Engineering Co., Ltd, Mitro International, PEL Limited, Baker Hughes Buried Hill, Dragon Oil, Schlumberger, Eni, Yug-Neftegaz ýaly dünýä belli kompaniýalar bar.
Maslahatyň çäklerinde guraljak işewür duşuşyklar geljekki hyzmatdaşlaryň Türkmenistanyň ýangyç-energetika we nebitgazhimiýa toplumlarynda täze maýagoýum taslamalary barada habarly bolmagyna ýardam eder.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabatda, şeýle hem daşary döwletlerde geçirilýän halkara nebitgaz maslahatlary we forumlary Türkmenistanyň dünýäniň energetika giňişligine işjeň aralaşmagynda uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Ussa Ussaýew,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.