«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!
Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gözel paýtagtymyzda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Her ýyl guralýan «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly pudaklaýyn sergi hem-de maslahat ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň kärhanalary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly itergi berýär. Bu forumyň ýurdumyzyň hünärmenleri üçin öz mümkinçiliklerini görkezmekde hem-de hyzmatdaşlary tapmakda oňat şertleri döretjekdigine ynanýaryn.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan özüniň tebigy baýlyklaryny türkmen halkynyň, şeýle-de beýleki sebitleriň halklarynyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýar we bu babatda netijeli işleri amala aşyrýar. Dünýäde uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça öňdäki orunlary eýeleýän ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümçiliklerine ylmyň soňky gazanan tehnologiýalaryny, enjamlaryny ornaşdyrmak hem-de nebitgaz senagatynda ekologik howpsuzlygy üpjün etmek esasy talap bolup durýar.
Ýokary derejede geçirilýän halkara forum daşary ýurtly gatnaşyjylary ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, döwrebap tehnologiýalary işjeň çekmegiň tejribesi, hyzmatlary amala aşyrmagyň ýollaryny we ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň usullary bilen tanyşdyrar. Ol bu ugurda işleýän hünärmenleriň arasynda uly gyzyklanma döreder. Şeýle duşuşyklar özara gatnaşyklaryň has netijeli ýollaryny gözlemekde, göni gepleşikleri geçirmekde möhümdir. Netijeli gepleşikler bolsa Türkmenistanyň baý ýangyç-energetika serişdelerini özleşdirmäge we rejeli ulanmaga gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalara ýol açýar.
Eziz watandaşlar!
Hormatly myhmanlar!
Türkmenistan häzirki wagtda «mawy ýangyjy» Hytaý Halk Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy ýaly döwletlere eksport edýär. Türkmen tebigy gazyny Aziýanyň günorta-gündogaryna eltjek, sebitiň iri taslamasy bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynda daşary ýurtly işewürlere hyzmatdaşlyk etmäge uly mümkinçilikler bardyr. Bu gaz geçirijiniň gurluşygynyň amala aşyrylmagy sebitiň ähli döwletleriniň ykdysadyýetiniň pugtalanmagyna oňaýly täsirini ýetirer. Hazarüsti gaz geçirijisi hem türkmen tebigy gazyny Ýewropa döwletlerine çykarmakda geljegi uly iri taslamalaryň hatarynda durýar.
Halkara bazaryň türkmen tebigy gazyna bolan islegini kanagatlandyrmakda gory boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz känine aýratyn orun degişlidir. «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek işleriniň giň gerimde alnyp barylýandygyny, bu işlere maýa goýumlary çekmekde ýurdumyzda ýokary derejede amatly şertleriň döredilýändigini aýratyn nygtamak gerek. Türkmenistan tebigy gazy diňe bir eksport etmegiň mümkinçilikleri bilen çäklenmän, ony gaýtadan işlemäge hem uly ähmiýet berýär. Bu ugurda-da ýurdumyz özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin açykdyr.
Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!
Häzirki wagtda senagat ähmiýetli nebit gorlary bolan täze gatlaklary gözläp tapmak we «gara altyn» känlerini özleşdirip, önümçilige girizmek işleri ýurdumyzyň dürli künjeklerinde giň gerimde alnyp barylýar. Bu babatda «gara altynyň» mekany bolan günbatar Türkmenistanda hem-de onuň çäklerindäki gojaman Hazaryň deňiz ýalpaklygynda gözleg, barlag, buraw işleri geçirilýär. Bu ugurda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňeýär.
Ýurdumyzda nebithimiýa senagaty hem çalt depginde ösdürilýär. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik kuwwatynyň barha ýokarlanýandygyny hem-de bu ýerde öndürilýän nebit önümleriniň görnüşiniň has-da artýandygyny muňa mysal getirmek bolar. Gaýtadan işleýän senagaty döwrebap derejede ösdürmek, bu ulgama halkara tejribäni giňden ornaşdyrmak, dünýä belli haryt nyşanly önümleriň bilelikdäki önümçiligini ýola goýmak işleri hem üns merkezinde saklanýar.
Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Bu halkara maslahatyň we serginiň geçirilmegi bilen, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ýene-de bir möhüm ädim ädiler. Diňe çig maly eksport etmek bilen çäklenmän, gaýtadan işleýän senagaty ösdürýän Türkmenistanyň ak şäheri Aşgabatda guralan nebitgaz forumynyň hyzmatdaşlaryň sanyny artdyrjakdygyna we hyzmatdaşlygy pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn. Sizi 28-nji gezek geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, rowaçlyk, halkara maslahatyň we serginiň işine bolsa üstünlik arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.