Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary başlandy
Çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Ankaranyň «Esenboga» Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, beýleki resmi adamlar, dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň köp sanly wekilleri garşyladylar.
Şu gün Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik forumyna gatnaşdy. Döwlet Baştutany Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň Merkezi edara binasynda geçirilýärn Türkmen-türk işewürlik forumynyň açylyş dabarasynda, şu duşuşykda hem netijeli we önjeýli gepleşikleri dowam etmegiň maksadalaýyklygy barada aýdyp, onuň dowamynda ikitaraplaýyn hereketlere hil taýdan täze itergi berjek, mundan soňra ediljek bilelikdäki işler boýunça anyk meselelere seretmäge ýardam etjek pikir alyşmalaryň boljakdygyna ynam bildirdi.
26-njy oktýabrda Serdar Berdimuhamedowyň Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy meýilleşdirildi.
Häzirki döwürde Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna, iki ýurduň milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga çalyşýarlar. Üstünlikli amala aşyrylan hem-de durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän giň gerimli bilelikdäki taslamalar munuň aýdyň mysalydyr.
Soňky 30 ýylyň dowamynda doganlyk Türkiýäniň işewür toparlary daşary ýurtly hyzmatdaşlar we maýadarlar üçin özüne çekijiligi bilen tapawutlanýan türkmen bazarynda özlerini ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdiler. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen iri maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýan daşary ýurt kompaniýalarynyň esasy bölegini Türkiýäniň işewürlik düzümleri düzýär.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.