Nebitgazçynyň maşgalasynda üçem çaga dünýä indi
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda Şahymerdan Şammyýew bilen Sülgün Töräýewanyň maşgalasynda üçem perzentleriň dünýä inmegi etrapda soňky ýüz ýylda ikinji bolup hasaba alyndy.
Maşgalabaşy Şahymerdan Şammyýew «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Daşoguznebitönümleri» kärhanasynda on ýyldan gowrak wagtdan bäri sürüji bolup, göreldeli zähmet çekip gelýär. Sülgün Töräýewa bolsa 2010-njy ýyldan bäri obada öý hojalykçy, ussat pileçi, edermen ýygymçy, nesilleriň ajaýyp terbiýeçisi hökmünde tanalýar.
Bu agzybir maşgalada 10-luk san bilen bagly şowlulyklaryň hatary köp duş gelýär. Olaryň ýekeje bir tymsaly — 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda 10 sagat 10 minutda üçemleriň dünýä inmegi hem nobatdaky maşgala rowaçlygy hökmünde söýgülendi.
Hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüjilik başlangyçlaryna, abadan durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan jemgyýetçilik ösüşlerine söýginiň, wepalylygyň we buýsanjyň, umumy rowaçlygyň dabaralanmagynyň alamaty, nyşany hökmünde maşgalanyň nowjuwan perzentlerine Dünýä, Dursun, Abat diýip at dakyldy.
Şahymerdan bilen Sülgüniň agzybir maşgalasynda öňem iki çaganyň bardygyny ýeri gelende belleýäris. Maşgalanyň ilkinji perzendi Altynaý Görogly etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň 4-nji synpynda, Jöwher bolsa şol orta mekdebiň 2-nji synpynda okaýar.
«Bäbek toýy» bilen bagly milli däp-dessurlaryň rowaçlanmagyna Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, geňeşligiň ymamy, welaýatyň çäginde «Arkadag» medalynyň ilkinji eýesi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mejlisiniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular Geňeşiniň agzasy Henip Zahyrow we halk tarapyndan ak pata berlip gutlandy, pişmeler seçildi.
Agramy 2250 gram, boýy 43 santimetr, maşgalanyň 3 — 4 — 5-nji perzentleri bolan üçemleriň, akja gundaga alajadan edilen gundagbag bilen gundalan körpeleriň ösüşiniň, erkin hereketleriniň, duýuş we iýmitleniş synalarynyň, uky ölçegleriniň kadalydygyny, gündelik, hepdelik durmuş we melhemçilik hyzmatlaryna, saglyk ýagdaýlaryna yzygiderli gözegçilik edilýändigini maşgala lukmanlary buýsanç bilen belleýärler.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.