Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär
Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär. EYR-nyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň ýolbaşçylygyndaky Eýranyň işewür toparlarynyň wekilçilikli düzüminiň paýtagtymyza gelmegi iň gowy dünýä tejribelerini we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge uly ähmiýet berýän Türkmenistanyň okgunly ösýän bazaryna gyzyklanmalaryň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.
Gurluşyk serişdelerini öndürýän kompaniýalaryň, azyk, lukmançylyk senagaty, ýol gurluşygy, oba hojalygy, nebitgaz we himiýa pudaklary, ulag-logistika, aragatnaşyk, gämigurluşyk ulgamlary hem-de söwda hyzmatlary üçin dürli enjamlar bilen üpjün edijileriň 100-e golaýy öz diwarlyklary bilen şu gezekki sergä işjeň gatnaşyp, işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini görkezdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda türkmen we eýran halklaryny asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy kökleriň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygy nygtalýar. Hut şonuň üçin hem ýurtlarymyz sebitde uzak möhletleýin hyzmatdaş bolmak bilen, häzirki döwürde netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň asyrlarboýy toplanan tejribesini yzygiderli baýlaşdyrýarlar. Esasy ugurlar boýunça, ilkinji nobatda, ykdysady ulgamdaky netijeli hyzmatdaşlygymyz munuň aýdyň beýany hökmünde barha giň gerim alýar.
Türkmenistanda maýa goýumlar, işewürlik, daşary söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça döredilýän amatly şertleriň türkmen-eýran gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz ýöriteleşdirilen sergä hem-de Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşýanlaryň ählisini bu mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak bilen, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ýola goýmaga we geljegi uly ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga çagyrdy.
Soňra EYR-nyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaş çärä gatnaşyjylara we myhmanlara ýüzlenip, tutuş sebitde parahatçylygy, durnuklylygy, iki halkyň dostlugyny hem-de netijeli özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşýan uly şahsy goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Eýran wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, şu gezekki giň gerimli gözden geçirilişiň guralmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde hil taýdan täze derejelere ýetmäge, söwda-ykdysady ulgamda bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mümkinçilik döreder.
Sergini synlamaga gelýänlere üç günüň dowamynda dürli ugurlar boýunça diwarlyklar görkezilýär. Gurluşyk senagaty, nebitgaz we energetika pudagy, ýol-ulag ulgamynyň tehnikalarynyňdyr enjamlarynyň nusgalary, metal gurnawlar, alýuminden we plastik önümlerden profiller, bezeg, timarlaýyş serişdeleri, hasaplaýyş hem-de paýlaýyş ulgamlarynyň çylşyrymly enjamlary görkezilýän diwarlyklar serginiň agramly bölegini eýeledi. Hiliň we ekologik howpsuzlygyň halkara ölçeglerine laýyk gelýän bu önümleriň köpüsi ýokary öndürijiligi, ykdysady taýdan bähbitliligi we dürli görnüşlere baýdygy bilen tapawutlanyp, türkmen bazarynda hem işjeň peýdalanylýar.
Nebitgaz pudagyna ýöriteleşen kompaniýalaryň hatarynda «Gas Souzan», «Tapico», «Jam Petrochemical», «Iranol», «Jam Pilen Petrochemical», «Masjed Soleyman Petro» kärhanalary uglewodorod çig malyny gazyp almak, gaýtadan işlemek boýunça häzirki zaman düzümleriniň kiçeldilen şekillerini, kärhananyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga degişli işläp taýýarlan taslamalaryny, nebiti we gazy gaýtadan işlemek arkaly alnan önümleriň nusgalaryny görkezdiler. Gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini öndürýän, senagat desgalarynyň hem-de düzümleriniň tehniki üpjünçiliginde iş alyp barýan kompaniýalaryň, kärhanalaryň diwarlyklarynyň töweregi köp adamly boldy. Şolaryň hatarynda «Bojnourd Cement», «Bojnord Plastic», «Sizmsaz», «Sanaz Tile», «Sakht Beton Mihan», «Iran Stone», «Saba Armeh», «Alwan Paints», «Iran International General Constractor», «New Town Development», «Hesam Sanat», «Construction and Development of Transportation Infrastructures», «Pars Garma», «Giti Pasand Industrial Group» we beýleki kompaniýalar bar.
EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Medeniýet merkezi hem öz diwarlygyny gurapdyr. Bu merkez işewür toparlaryň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin amatly şertleri döretmäge uly goşant goşýar.
Serginiň tanyşdyryş meýdançalary türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegi, täze özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýän işewürlik duşuşyklarynyň we gepleşikleriň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Serginiň çäklerinde hökümetara türkmen-eýran toparynyň mejlisi we işewürlik maslahaty geçirilýär. Olaryň barşynda iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri ösüşiň milli meýilnamalaryny we sebit hyzmatdaşlygyny hasaba almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini, onuň has bähbitli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.
Türkmenabatda kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň döredijilik agşamy geçiriler
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde 11-nji martda Türkmenistanyň halk artisti, M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, alym, pedagog, görnükli kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň (1946-2025) hatyrasyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirler.
Balkanabatda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşurldy
Halkara zenanlar günine bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň her bir künjeginde bolşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem şatlykly dabaralaryň bady tutulýar.
Türkmen şahyrlary Burýatiýanyň edebi neşirinde
Ýaňy-ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Burýatyýa Respublikasynyň milli kitaphanasy tarapyndan neşir edilýän «Северо-Муйские огни» atly awtorlyk edebi žurnalyň N122 (2026-njy ýyldaky 1-nji sany) okyjylara gowuşdy.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda iki aýyň jemlerine garaldy
7-nji martda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Balkanabatda “Talyp gözeli-2026” bäsleşigi geçirildi
“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 31 ýyllygyna bagyşlap, mekdebiň talyp gyzlarynyň arasynda “Milliligim-buýsanjym, başlara göwher täjim” ady bilen yglan edilen “Talyp gözeli-2026” bäsleşigi geçirildi.