Uzynada käniniň täze guýularyndan gaz kondensatynyň senagat akymy alyndy
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary ýurdumyzyň şanly wakalaryna — Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygyna we Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe zähmet ýeňişleri bilen barýarlar.
«Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Goturdepe we Ekerem buraw işleri müdirliginiň amala aşyran buraw işleriniň netijesinde Uzynada käniniň 78-nji we 82-nji guýularyndan degişlilikde 6655-6659 we 6654-6658 metr çuňlukdan gaz kondensatynyň täze akymy alyndy.
Şeýle hem Körpeje buraw işleri müdirligi Uzynada käninde №74 guýuda buraw işlerini üstünlikli tamamladylar. Ol ýerde 6662-den 6668 metr aralykda gaz kondensatynyň akymy alyndy. Häzirki wagtda 76-njy we 83-nji guýulary işläp taýýarlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär.
Uzynada käni Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň netijeli we üstünlikli işiniň aýdyň mysaly bolup durýar. Geljegi uly bu käni özleşdirmek boýunça ilkinji işler geçen asyryň 70-nji ýyllarynda başlandy. Emma, buraw işleri 4213 metrde tamamlandy, çünki uglewodorod plastlary ýüze çykarylmady.
Eýýäm, 2015-nji ýylda alym-nebitçileriň we geologlaryň ygtybarly hasaplamalaryna esaslanyp, taslama çuňlugy 7150 metr bolan 7-nji synag guýusyny burawlamak kararyna gelindi. Iki ýyllap yzygiderli işiň netijesinde 6689-6695 metrden uglewodorodlaryň kuwwatly akymy alyndy. Soňra ýene-de iki sany burawlandy, olar hem oňyn netije berdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň geçen ýylda Uzynada känine baryp görmegi «gara altyny» çykaryjylary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Marynebitgazgözleg ekspedisiýasynyň hünärmenleri Uzynada meýdançasynda №11 gözleg guýusyny burawladylar. Geçirilen tejribe işleriniň netijesinde aşaky plastlardan uglewodorodlaryň kuwwatly akymy alyndy.
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar
"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar
«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.