Bahar Annaýewa «Ýylyň parlak ýyldyzy» adyna mynasyp boldy

11:26 16.12.2023

https://www.ussatnews.com/storage/posts/6453/original-1657d4307ee260.jpeg

15 dekabrda Arkadag şäheriniň söwda toplumynda, asylly däbe görä, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden tomaşaçylar köpçüliginiň öňünde öz ussatlyklaryny görkezmek isleýän 17 — 35 ýaş aralygyndaky zehinli ýaş estrada aýdymçylary gatnaşdylar.

Bäsleşigi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guradylar.

Welaýatlar derejesinde birnäçe tapgyrda geçirilen döredijilik çäresiniň jemleýjisine deslapky tapgyryň dowamynda teletomaşaçylardan hem-de radiodiňleýjilerden köp ses alan ýaş zehinler gatnaşdylar. Abraýly emin agzalary dalaşgärleriň içinden has ökde, wokal we ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen tapawutlanan, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan hem-de has köp ses alan ýaşlary seçip aldylar. Olaryň köpüsiniň ýurdumyzda geçirilýän dürli festiwallarda çykyş etmekde-de tejribeleri bar.

Bäsleşigiň Baş baýragynyň eýesini kesgitlemek tapgyry gelip ýetdi. Bu işe aýdym-saz sungatynda meşhurlyk gazanan sungat ussatlary hem gatnaşdylar. Şeýlelikde, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna badalga berildi. Onuň netijeleri gönüden-göni tomaşaçylaryň çözgüdine bagly bolup durýar. Jemleýji tapgyra çykan aýdymçylaryň arasynda tomaşaçylar köpçüligine tanyş aýdym-saz toparlarynyň aýdymçylary we ýokary okuw mekdepleriniň çeperçilik gurnaklaryna gatnaşyjylar, oba ýerlerinden gelen, uly sahnada ilkinji gezek çykyş edýän zehinli aýdymçylar hem bar. Iň ökde, zehinli ýerine ýetirijiler indiki tapgyra çykmak we «Türkmen owazy» teleýaýlymynda çykyş etmek mümkinçiligine eýe boldular.

Eminler hökmünde teletomaşaçylardyr radiodiňleýjiler çykyş etdiler. Olar ýaş ýerine ýetirijileriň zehinine, ussatlygyna baha berdiler, şeýle hem ol ýa-da beýleki aýdymça SMS we jaň etmek arkaly ses berdiler. Bu çäräniň dowamlylygy, oňa giň köpçüligiň çekilmegi bäsleşigiň jemleýji tapgyryna aýdym-saz sungatynyň iň ökde wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etdi. Şolaryň arasyndan jemleýji tapgyrda çykyş etmek üçin iň gowy 10 aýdymçy saýlanyp alyndy. Emin agzalarynyň düzümindäki türkmen aýdym-saz sungatynyň meşhur sahna ussatlary, geçen ýyllardaky bäsleşikleriň ýeňijileri, medeniýet işgärleri, teatr artistleri, kompozitorlar, şahyrlar, köp sanly ýaşlar jemleýji konserte tomaşa etmek we ýaş kärdeşleriniň çykyşlaryna baha bermek, bar bolan seslere öz sesini goşmak üçin ýygnandylar.

Bäsleşige gatnaşyjylar geljekde döredijilik ýolunda uly ähmiýete eýe boljak aýgytlaýjy pursadyň ähli jogapkärçiligini duýup, özlerini goldan tomaşaçylaryň ynamyny ödemek üçin baýramçylyk äheňinde bezelen sahnada ukyplaryny, zehinini görkezdiler. «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň şertlerine görä, oňa gatnaşyjylar iki aýdymy ýerine ýetirdiler. Olaryň biri sazsyz bolup, aýdymçylar onda öz sesiniň arassalygyny, owazyny görkezdiler. Munuň özi olaryň şahsy artistlik ukybyny, tomaşaçylaryň göwnünden turmak başarnygyny ýüze çykarmaga ýardam berýär. Şunda aýdym-saz muşdaklarynyň el çarpyşmalary we diňleýjileriň hoşniýetli goldawy sazyň ornuny tutdy. Şeýle-de bäsleşigiň dowamynda häzirki zaman estrada we halk aýdymlary, söýgi, watançylyk temasyndaky aýdymlar ýerine ýetirildi.

Aýdym-saz bäsleşigi birnäçe sagat dowam etdi. Jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň çykyşlary tomaşaçylaryň el çarpyşmalary bilen garşylanyldy. Her bir aýdymçynyň çykyşyndan soňra, meşhur artistler öz pikirlerini beýan etdiler hem-de ýaş kärdeşlerine halypalyk maslahatlaryny berdiler. Şunuň bilen birlikde, ses berişlik hem dowam etdi. Tomaşaçylaryň SMS arkaly iberen sesleri sanaldy. Soňra dabarany alyp baryjylar bäsleşigiň jemlerini yglan etdiler we baýrak gowşurmak dabarasy boldy.

Ýaş aýdymçy Bahar Annaýewa döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi we «Ýylyň parlak ýyldyzy» adyna mynasyp boldy. Ýeňijä göçme kubok hem-de gymmat bahaly sowgat gowşuryldy.

Baş baýrakdan başga-da, birinji, ikinji we üçünji orunlar üçin baýraklar göz öňünde tutuldy. Baýrakly orunlara mynasyp bolanlara degişli diplomlar, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Türkmen aýdym-saz sungatynyň sahna ussatlary ýaş artistlere döredijilik ösüşini, täze gözlegleri we üstünlikleri arzuw etdiler. Çykyş edenler bu günki gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermegi netijesinde, ýurdumyzda kämilleşmek, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek üçin ähli şertleriň, mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn bellediler.

Göwünleri galkynan, uly buýsanç duýgularyna beslenen bäsleşigiň ýeňijileri döwlet Baştutanymyzyň üns-aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we milli medeniýetimiziň mundan beýläk-de ösmegi ugrunda edilýän tagallalara mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Başga habarlar
1662c96d8cab96.jpeg
Türkmenistan TOPH energetika taslamasyny halkara hukugyna pugta eýerip öňe sürýär

Türkmenistan Günorta Aziýa her ýylda 33 milliard kub metr gaz iberjek TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynda düýpli öňegidişlik gazandy diýip, TAPI Pipeline Company Ltd kompaniýasynyň Direktorlar geňeşiniň başlygy Muhammetmyrat Amanow Parižde geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynda çykyşynda belledi (TEIF 2024).


1662b623c33b61.jpeg
TOPH taslamasy, “Galkynyş” käni we Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň beýleki ugurlary – TEIF 2024 foýumynyň üns merkezinde

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow çarşenbe güni öz işine başlan Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşy barada habar berdi.


1662a3092443c2.jpeg
Azerbaýjan türkmen tebigy gazynyň satyn alynýan möçberini artdyrýar

Azerbaýjan 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Eýranyň üsti bilen swop (alyş-çalyş) amallarynyň çäklerinde Türkmenistandan alýan tebigy gazynyň möçberlerini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,4 göterim artdyrdy diýip, ABC.AZ agentligi habar berýär.

1662a296cc73d7.jpeg
Garaşsyzlyk bilen galkynan şahyryň täze kitaby neşir edildi

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň, umuman, medeniýet we sungat bilen meşgullanýan ähli adamlaryň dürli neşirlerde köpçülige ýetirýän eserlerinde galkynyşyň, ruhubelentligiň, ýurdumyza guwanç, buýsanç duýgusynyň güýçlüdigi mese-mälim görünýär.


1662a1e5711fd0.jpeg
Türkmenistan halkara maýadarlaryna ýangyç-energetika toplumynda birnäçe taslamalara gatnaşmaga çagyrýar

Parižde badalga alan forumyň maksady Türkmenistanyň energetika pudagynyň ähli ulgamlaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi 24-nji aprelde forumyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda belledi.