Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti halkara ylmy-amaly maslahata we sergä gatnaşyjylary gutlady

https://www.ussatnews.com/storage/posts/6491/original-1658c0b226d9ba.jpeg

Hormatly halkara ylmy-amaly maslahata we sergä gatnaşyjylar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlary!

Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýaşlar hyzmatdaşlygyny halkara derejede has-da ösdürmekde täze mümkinçilikleri açmaga goşant goşjak bu maslahatyň we serginiň işine uly üstünlik arzuw edýärin.

Eziz ýaşlar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan esaslandyrylan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň her birimizi beýik maksatlara birleşdirýän şygara öwrülen «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelerimize laýyklykda, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň binýatlyk esaslaryny berkidýäris. Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrýarys, mähriban halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrýan toplumlaýyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň, täze senagat önümçilikleriniň, häzirki zaman bilim we saglygy goraýyş edaralarynyň, beýleki binalaryň dabaraly açylmagy ýurdumyzyň kuwwatynyň barha artýandygyny aýdyň görkezýär. Biziň gazanýan ähli üstünliklerimize şöhratly geçmişimize, häzirki bagtyýar durmuşymyza we nurana geljegimize buýsanýan, eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyna öwrülen ýaşlarymyzyň goşandy örän uludyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlary!

Ýaş nesiller — jemgyýetiň geljegi. Şonuň üçin hem ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen strategiýamyzyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ýaşlar barada döwlet syýasatymyzy üstünlikli amala aşyrýarys. Ýaşlarymyzyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin amatly şertleri döredýäris. Her bir güni uly üstünlikler, milli we halkara ähmiýetli wakalar bilen şöhratlandyrylan 2023-nji ýylda hem bagtyýar ýaşlarymyz ýurdumyzyň depginli ösüşine, öňe gitmegine gönükdirilen maksatlarymyzyň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşantlaryny goşdular. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanan bu halkara ylmy-amaly maslahat we sergi biziň ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleriniň hem-de tejribeleriniň ýokary bahalara mynasyp bolýandygyny aýdyň tassyklaýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edildi. Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumy ýokary derejede geçirildi. Bularyň ählisi ýaşlaryň hyzmatdaşlygyny halkara derejede has-da işjeňleşdirmekde täze mümkinçilikleriň açylýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Biziň alyp barýan döretmek we gurmak ýolumyza eýerip, bilim edaralarynda ylym-hünär öwrenýän, döwlet, häkimiýet, dolandyryş edaralarynda, senagatda, oba hojalygynda, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda joşgunly zähmet çekýän, olimpiadalarda, bäsleşiklerde, festiwallarda hakyky ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezýän bagtyýar ýaşlarymyz Garaşsyz döwletimiziň abraýyny has-da ýokarlandyrýarlar. Türkmenistan Watanymyz dürli derejedäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Garaşsyz ýurdumyzyň türgenleriniň dürli sport ýaryşlarynda yzygiderli gazanýan ajaýyp netijeleri bizi diýseň buýsandyrýar. Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň baýramçylyk ruhubelentliginde, türkmen myhmansöýerligine laýyk gelýän ruhda üstünlikli geçirilmegi bolsa eziz Watanymyzyň halkara abraýyny has-da beýgeltdi. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar ýaşlarynyň geljekde-de döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkara at-abraýynyň has-da belende galmagynyň bähbidine döredijilikli, ak ýürekden zähmet çekjekdiklerine berk ynanýaryn.

Hormatly halkara ylmy-amaly maslahata we sergä gatnaşyjylar!

Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ajaýyp arzuwlar, ýakymly pursatlar bilen dabaraly garşy alynýan täze — 2024-nji ýylda size öňküden-de yhlasly we tutanýerli zähmetiňiz, egsilmez zehiniňizdir döredijilikli başlangyçlaryňyz bilen has belent sepgitlere ýetmegiňizi arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Başga habarlar
16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.