2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça birnäçe iri halkara forumlar geçiriler
Ýetip gelýän 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna täze maýa goýumlaryny çekmeklige gönükdirilen birnäçe iri halkara çäreleri geçiriler.
Şeýlelikde, 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Parižde Türkmen energetika maýa goýum forumy geçiriler. Ol türkmen energetikasynyň täze maýa goýum taslamalaryny görkezer.
2024-nji ýylyň 5-6-njy iýunynda Arkadag şäherinde Türkmen energetika ylmy maslahaty guralar. Bu çäre uglewodorodlary işläp taýýarlamakda ekologiýa meseleleriniň möhüm ugurlaryna, şol sanda metan zyňyndylaryny azaltmaga we durnukly hem ýaşyl energetikany ilerletmäge gönükdiriler.
Aşgabatda 2024-nji ýylyň 23-25-nji oktýabrynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» (OGT 2024) halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Her ýylda geçirilýän bu iri pudaklaýyn forum dünýäniň iň iri energetika öndürijilerini, sarp edijilerini we hünärmenlerini birleşdirýän halkara meýdançadyr.
OGT 2024 meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, täze çözgütleri gözlemek we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin sebit we ählumumy energetika ulgamlarynyň inklýuziw platformasyny döretmek bilen, 29 ýyllyk innowasiýalar we ösüş mirasyna daýanýar.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.