Habarlar

Bosagada täze - 2024-nji ýyl: garşylamagyň aýratynlyklary

https://www.ussatnews.com/storage/posts/6503/original-1658fb813df18e.jpeg

Täze 2024-nji ýylyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Uly adamlaryň we çagalaryň gowy görýän bu baýramçylygy jadylara we täsinliklere beslenendir.

Gündogaryň senenamasy boýunça 2023-nji ýylyň – Gara suw towşanynyň ornuna Ýaşyl agaç Aždarhasy gelýär.

Aždarha – häkimiýeti, asyllylygy, abraý-mertebäni, şowlulygy we üstünligi alamatlandyrýan mifiki jandar. Agaç aždarhasy öz doganlarynyň arasynda iň ýuwaşy we sabyr-takatlysy hasaplanýar. Agaç fiziki we ruhy ösüş bilen baglydyr, şonuň üçin öz öňünde anyk maksatlary goýmagy başarýan ynamly adamlara üstünlik garaşýar. Ýylyň energetikasynda agdyklyk edýän ýaşyl reňk galkynyşy we täzelenişi alamatlandyrýar.

Aždarha ýylyny nähili lybaslarda garşylamaly

Gündogar senenamasy boýunça altyn, kümüş, ak reňkler we onuň ähli öwüşginleri täze 2024-nji ýylyň şowly reňkleri diýlip hasaplanýar.

Stoly nähili tagamlar bilen bezemeli

Ýaşyl Aždarhany özüňe maýyl etmek üçin täze ýyl saçagyny bezemek babatda hem belli bir talaplar bolýar. Şunda ter gök önümleri, aýratyn-da sarymsak, ajy gyzyl burç, zenjebil, gwozdika we anis esasy orny eýeleýärler.

Balyk we deňiz önümleri ot sowurýan aždaryň eý görýän tagamlary hasaplanýar, şonuň üçin olary myhmanlara hökman hödürlemeli. Aždarha gowy bişirilen eti hem işdämenlik bilen iýer, et ýiti sosus ýa-da huruşlar bilen eýlense has-da tagamly bolar. Emma towukdan tagamlary taýýarlamak maslahat berilmeýär: Gündogarda aýdylyşyna görä, Aždarha ýaly daýaw jandar üçin towuk ýönekeýje tagam hasaplanýar. Stolyň üstünde hökman ter gök önümler, aýratyn-da pyrtykal bolmaly.

Täze ýyla nähili sowgatlar taýýarlamaly

Ýaşyl reňkli sowgatlar alýan adama we onuň geljekki ykbalyna oňat täsirini ýetirer diýlip hasaplanylýar. Islendik zatlary: egin-eşikleri, pižamalary ýa-da şarflary, ýumşak oýnawaçlary, mata torlaryny, aksessuarlary ýa-da ýylyň nyşany şekillendirilen otkrytkalary sowgat etseň bolar.

Şowlulyk getirýän sowgatlara agaçdan ýasalan gap-gaçlar, mebel, uly bolmadyk suwenir, bilezik ýa-da boho stilinde ýasalan agaç gulakhalkalary girýär. Küýzede oturdylan öý agajy sowgadyň oňat görnüşi bolar – şunuň ýaly sowgat geljek ýylyň esasy alamatlarynyň birbada ikisini özünde birleşdirýär hem-de sowgat alýan adama hökman şowlulyk getirer. Bonsaý ýa-da bambuk has gowy çözgüt bolar – olar pully işlerde üstünligi we girdejini alamatlandyrýar. Ýa-da araukariýa agajyny satyn alyp bolar – ol arçanyň ýerini tutup biler, agajy bezeseň hem bolar. Drasena hem gowy sowgat bolup biler, ol hat-da aždaryň hormatyna onuň adyny hem göterýär.

Geljek ýylda maddy serişdeleri çekmek isleýän adamlara bilermenler pul sowgat etmegi maslahat berýärler, pul altynsöw ýa-da gyzyl bukja salynsa gowy bolar.

Aždarha şeýle hem altyn we göwher daşlaryny gowy görýär. Eger şeýle sowgatlary peşgeş berip bilmeseňiz, gynanmaň. Şeýle ýagdaýda owadan otkrytkalary satyn alyň hem-de olary dostlaryňyza we ýakynlaryňyza ugradyň – ynanaýyň, olar häzirki döwürde könelen usul hasaplanýan – el bilen ýazylan haty alyp, haýran galarlar we begenerler. Elektron hatlardan tapawutlylykda otkrytkalarda ynsan mähri hem-de adamlaryň täze ýyl baýramçylyklardan garaşýan täsinligi duýulýar.

Ýene-de bir aýtjak zadymyz, ol hem täze ýyly garşylamak bilen, diňe umyt-arzuwlara bil baglamaly däl, ýylyň jemleri her bir adam üçin diňe onuň şahsy tagallalaryna we hereketlerine, gowulyga, şatlyga we şadyýanlyga bolan höwesine bagly bolar.

Gadyrly okyjylar, täze ýylda jan saglygyny, ägli başlangyçlarda üstünlikleri arzuw edýäris!

Leýli AŞYROWA,

Ussatnews.com.

Başga habarlar
16a60f59134cef.jpeg
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar

"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.


16a5f344e54b8b.jpeg
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.


16a5a13df218be.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.

16a5863310decb.jpeg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.


16a53e165189bc.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.