Türkmenistanyň Ýaponiýanyň maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy berkitmegi maksat edinýär
Ýaponiýa amala aşyrylan iş saparynyň dowamynda, 22-23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň daşary söwda guramasynyň (JETRO) ýerine ýetiriji direktory hem-de başlygy Işiguro Norohiko we Eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş guramasynyň (NEXI) ýerine ýetiriji diektory hem-de başlygy Asuo Kuroda bilen duşuşyklary geçirdi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
«JETRO» guramasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn söwdanyň ösüşini höweslendirmek boýunça ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere seredildi. Hususan-da, birek-biregiňkide söwda wekilçilikleriniň, biziň ýurdumyzda we Ýaponiýada işewürligi alyp barmaga gönükdirilen kiçi we orta telekeçileriň özüne çekijiligini artdyrmak maksady bilen «JETRO» guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, Türkmenistanyň Ýaponiýada söwda öýüniň açylmagynyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalar gurnaldy. Şeýle-de, şu ýylyň birinji ýarymynda türkmen tarapynyň «JETRO» guramasy bilen bilelikde işewürlik forumyny geçirmek boýunça meýilleri beýan edildi.
«NEXI» guramasynyň wekilleri bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary, hususan-da, Türkmenistanda ähmiýeti uly bolan taslamalaryň maliýeleşdirilmegine dürli maýa goýum guramalarynyň çekilmeginiň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen birlikde, taraplar uly ähmiýete eýe bolan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginli diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirdiler.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.