Habarlar

“Galkynyş” käninde 14 sany goşmaça guýy işe giriziler

https://www.ussatnews.com/storage/posts/6629/original-165bb8e67153e9.jpeg

“Türkmengaz” döwlet konserni “Galkynyş” käninde 14 sany täze guýynyň gurluşygynda serwis hyzmatlaryny bermek üçin potratçylary saýlamak boýunça halkara bäsleşigini yglan etdi. Degişli bildiriş Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinde çap edildi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin hukuk derejesini, bank rekwizitlerini we beýleki maglumatlary görkezip, ýazmaça arza bermeli, şeýle hem goşulan baha salgydyny hasaba alyp, degişli tölegleri geçmeli. Bäsleşik boýunça teklipler bildirişiň resmi çap edilen gününden başlap, 14 iş güni kabul ediler.

“Galkynyş” käni – dünýäde iň iri känleriň biri. Häzirki wagtda Türkmenistan “mawy ýangyjyň” eksport möçberlerini artdyrmak üçin bu käniň tebigy gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça toplumlaýyn işleri durmuşa geçirýär.

Başga habarlar
16a60f59134cef.jpeg
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar

"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.


16a5f344e54b8b.jpeg
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.


16a5a13df218be.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.

16a5863310decb.jpeg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.


16a53e165189bc.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.