Ýurdumyzyň Ak bugdaý etrabyna ABŞ-nyň 1 million dollar pul baýragy gowşuryldy
12-nji fewralda Ahal welaýatynda 2023-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Ak bugdaý etrabyna degişli baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy.
Ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň netijeleri 9-njy fewralda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hödürlenen maglumatlar bilen tanşyp, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyny bäsleşigiň ýeňijisi diýip yglan etmek we etrabyň häkimligini pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz etrabyň ilatyna iberen Gutlagynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletler tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek halkara çäreleriň öňüsyrasynda Ak bugdaý etrabynyň durmuş, ykdysady we medeni taýdan gazanan üstünlikleriniň ata Watanymyzyň at-abraýyny artdyrmakda ildeşlerimiziň çekýän yhlasly zähmetini aýdyň görkezýändigini belledi
Her ýylda geçirilýän bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, onuň jemleri jemlenende, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” durmuşa geçirilişi, galla we pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, durmuş hem-de medeni maksatly binalaryň gurluşygy ýaly ugurlar boýunça görkezijilere seredildi. Mundan başga-da, durmuş meseleleriniň çözülişi, şol sanda ilaty iş bilen üpjün etmek, raýatlaryň medeni dynç alşyny guramak, olary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek ýaly görkezijiler hem hasaba alyndy.
Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak üçin edýän aladasy, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, welaýatlarda döwrebap durmuş-ykdysady düzümleri döretmäge berýän uly ünsi üçin etrabyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.
Bu günki gün Watanymyzyň her bir künjegi çalt depginler bilen özgerýär. Ahal welaýatynyň iri obasenagat merkezleriniň biri bolan Ak bugdaý etraby hem munuň aýdyň mysalydyr. Bu sebitde gadymy döwürlerden bäri zähmetkeş ata-babalarymyz tarapyndan ak bugdaý, arpa, gök-bakja ekinleri, miweli baglar ýetişdirilipdir.
Ak bugdaý etrabynyň ykdysadyýetinde hususy düzümler uly orun eýeleýär. Telekeçiler tarapyndan gurlan ýyladyşhana hojalyklarynda gök-bakja ekinleri ýetişdirilýär. Şeýle hem maldarçylyk toplumlary hereket edýär. Şeýlelikde, bu etrabyň ilaty özünde öndürilýän azyk önümleri bilen dolulygyna üpjün edilýär.
Etrabyň çäginde durmuş maksatly binalaryň, energetika, senagat desgalarynyň, «Türkmeniň ak öýi» binasynyň, «Bagabat» şypahanasynyň hem-de beýlekileriň gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň, Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Dabarada çykyş edenler etrabyň ýaşaýjylaryny bäsleşigiň ýeňijisi diýen belent ada mynasyp bolmaklary bilen gutlap, bu baýragyň olary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrjakdygyna ynam bildirdiler.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda döwlet Baştutanymyza sebitiň ilatynyň ýurdumyzyň depginli durmuş-ykdysady ösüşine goşýan goşantlaryna berýän ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de Watanymyzyň abadançylygynyň, onuň kuwwatyny we şan-şöhratyny artdyrmagyň bähbidine mundan beýläk-de halal zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
Şanly waka mynasybetli baýramçylyk sergisi guraldy. Onda obasenagat pudagynyň gazananlary, amaly-haşam sungatynyň eserleri, türkmen suratkeşleriniňdir heýkeltaraşlarynyň işleri görkezildi. Dabara gatnaşyjylar milli tagamlaryň taýýarlanylyşyny synladylar we sport bäsleşiklerine tomaşa etdiler. Umuman, bu ýerde özüne mahsus şowhunly däpleri bilen uly türkmen toýy ýaýbaňlandyryldy.
Bagşy-sazandalaryň çykyşlary, teatrlaryň we döredijilik toparlarynyň artistleriniň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýalary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ösüş ýoly bilen öňe barýan ata Watanymyzy wasp edýän joşgunly aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.