Habarlar

Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/6736/original-165d76c016b5e8.jpeg

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda «Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň» binasynda Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Mejlise Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň we Hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, beýleki çagyrylanlar gatnaşdylar.

«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler mejlisiň esasy meselesi boldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi.

Başga habarlar
16a60f59134cef.jpeg
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar

"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.


16a5f344e54b8b.jpeg
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.


16a5a13df218be.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.

16a5863310decb.jpeg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.


16a53e165189bc.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.