Jebelde halkara howa menziliniň gurluşygynda hünärmenleriň 600-den gowragy zähmet çekýär
Şu ýyl Balkan welaýatynyň Jebel şäherinde sagatda 100 ýolagça hyzmat edip biljek täze halkara howa menziliniň gurluşygyny tamamlamak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda döwrebap tehnologiýalar ulanylyp, desgany gurmakda dürli hünärli hünärmenleriň 600-den gowragy zähmet çekýär, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.
Tok paýlaýjy bekediň gurluşygy, ýörite suw howdan hem-de ýangyna garşy gulluklar üçin otaglar tamamlaýjy tapgyrda barýar. Dispetçer gulluklarynyň işgärleri üçin 35 metrlik ýörite diňiň binasy, şeýle hem tehniki bölümler üçin beýleki binalar gurulýar.
Howa menziliniň ähli görnüşdäki uçarlary kabul edip biljekdigi çaklanylýar. Jebeldäki täze ulag-logistika merkezi geljekde diňe bir Balkan welaýatynyň däl, eýsem, tutuş Türkmenistanyň ösüşine hem oňyn täsirini ýetirer.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.