Laýyk iki ýyl mundan ozal — 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanda Prezident saýlawlary geçirildi

07:22 12.03.2024

https://www.ussatnews.com/storage/posts/6852/original-165efbc5682573.jpeg

Laýyk iki ýyl mundan ozal — 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanda Prezident saýlawlary geçirildi, onuň jemlerine laýyklykda, halkymyz özüniň hem-de Watanymyzyň ykbalyny we geljegini döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa ynandy. 2022-nji ýylyň 19-njy martynda bolan wezipä girişmek dabarasynda hormatly Prezidentimiz watandaşlarymyzyň bildiren uly ynamynyň halkymyzyň asuda we abadan durmuşynyň, nesillerimiziň bagtyýar geljeginiň bähbidine türkmen döwletiniň gülläp ösmegi üçin has-da yhlasly zähmet çekmäge borçly edýändigini belledi. Wezipä girişmek dabarasynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň täze saýlanan döwlet Baştutany Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin kesgitlenen esasy ýoluň, öňde goýlan maksatlaryň, uly wezipeleriň geljekde alyp barjak işiniň esasyny düzjekdigini aýtdy.

Geçen iki ýylyň dowamynda ýurdumyzda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Milli ykdysadyýetimiz durnukly ösýär, durmuş ulgamy kämilleşýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar, Watanymyzyň halkara abraýy belende göterilýär. Ähli ugurlarda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler halkymyzyň giň goldawyna eýe bolýar. Munuň özi halkymyzyň jebisligini, agzybirligini, demokratiýanyň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen öňe gitmäge bolan synmaz erki aýdyň görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetmeginiň zamanasy bolup taryha girer.

Watanymyzyň öňünde durýan uly wezipeler we olary amala aşyrmagyň ýollary kabul edilen maksatnamalarda, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”, şeýle hem “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda” anyk kesgitlenendir. Şunda döwlet Baştutanymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän toplumlaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylan özgertmeler strategiýasynyň durmuş ugurlydygyny bellemelidiris. Watanymyzyň ägirt uly kuwwatynyň netijeli peýdalanylmagynda ykdysady we durmuş şertleriniň ýakyn arabaglanyşygyna aýratyn üns berilýär.

Türkmenistany ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän kuwwatly önümçilik düzümli senagat ýurduna öwürmek esasy maksatlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunda sanly ösüş, öňdebaryjy ylmy gazanylanlary we innowasion tehnologiýalary iş ýüzünde ornaşdyrmak gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda bellenendir. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýoly hereket edýän pudaklary döwrebaplaşdyrmaga hem-de täze pudaklary döretmäge, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini artdyrmaga, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny netijeli ulanmaga amatly mümkinçilikleri döretdi. Ýangyç-energetika toplumynda iri taslamalar amala aşyrylýar. Hususan-da, Hazaryň deňiz çäklerinde ýerleşýän täze uglewodorod ýataklary hem-de dünýäde iri gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz käni güýçli depginde özleşdirilýär. Ägirt uly sebit we halkara ähmiýetli taslamalar, ilkinji nobatda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamalaryny durmuşa geçirmek işi dowam etdirilýär.

Senagatyň dürli ugurlarynda, gazhimiýa pudagynda, ulag-kommunikasiýa toplumynda we beýleki pudaklarda ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmaga, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen taslamalar amala aşyrylýar. Şunda döwlet goldawynyň giň ulgamy bilen üpjün edilýän hususy telekeçilige hem möhüm orun degişlidir. Häzirki wagtda kiçi we orta işewürligiň wekilleri halk hojalygynyň dürli pudaklarynda netijeli iş alyp barýarlar. Munuň şeýledigine bazar ykdysadyýetiniň milli nusgasynyň üstünliklere beslenmegi, onuň düzüminde hususy pudagyň tutýan ornunyň pugtalanmagy aýdyň şaýatlyk edýär. Bu türkmen işewürleriniň öňünde, hususan-da, gurluşyk pudagynda, oba hojalyk toplumynda, sarp edijileriň arasynda uly islege eýe bolan önümleriň dürli görnüşlerini öndürmekde we beýleki ugurlarda giň mümkinçilikleri açýar.

Meýilnamalaýyn ykdysady ösüşiň kepili bolup durýan jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini kabul edilen durmuş maksatnamalaryny netijeli ýerine ýetirmäge, degişli ugurlara gönükdirilýän maýa goýumlary yzygiderli artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa, öz gezeginde, halkymyzyň durmuş ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrylmagyny şertlendirýär. Ýurdumyzyň sebitlerinde raýatlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary ülňülerini kemala getirmek, şäher we oba ýerlerinde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän toplumlaýyn düzümleri döretmek döwlet Baştutanymyzyň hemişelik üns merkezinde saklanýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» bu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini maksat edinýär. Bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň ugurlary hormatly Prezidentimiziň yzygiderli geçirýän iş maslahatlarynda, Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde, ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyrýan iş saparlarynyň barşynda aýratyn üns merkezinde durýar.

Türkmenistan ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hilini şöhlelendirýän ägirt uly gurluşyk meýdançasyny ýada salýar. Paýtagtymyzda we sebitlerde ähli zerur şertler üpjün edilen ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň we şäherçeleriň gurluşyklary amala aşyryldy, ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze mekdepleriň, çagalar baglarynyň, medeniýet öýleriniň, saglygy goraýyş we senagat desgalarynyň onlarçasy ulanmaga berildi. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan, geçen ýylyň iýunynda açylyp ulanmaga berlen Arkadag şäherini şeýle taslamalaryň hatarynda görkezmek bolar. Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda bina edilen bu giň gerimli, “akylly” şäher häzirki zaman maglumat tehnologiýalary we özboluşly binagärlik çözgütleri bilen dünýäniň şähergurluşyk ulgamynyň soňky gazananlarynyň, milli binagärligiň iň gowy nusgalarynyň sazlaşygyny emele getirýär. Mälim bolşy ýaly, bu ägirt uly taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Täze şäheriň gurluşygy tamamlanan birinji tapgyrynyň çäklerinde durmuş-medeni we beýleki maksatly binalaryň 336-sy ulanmaga berildi. Täze şäheriň eýýäm abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň sylaglarynyň 20-den gowragyna mynasyp bolmagy onuň dünýäniň häzirki zaman şäher gurluşygynyň merjenleriniň birine hem-de şäheri ösdürmäge innowasion taýdan çemeleşmegiň nusgasyna öwrülendigini, halkyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli tagalla edilýändigini aýdyň görkezýär.

Gün-günden gözelleşýän, «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilen Türkmenistanyň ak mermerli paýtagty Aşgabat hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň adam eli bilen döredilen ajaýyp nyşany bolmagynda galýar. Döwlet tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan giň gerimli taslamalaryň hatarynda Aşgabat — Türkmenabat we Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýollary, Arkadag şäheriniň desgalary we paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky tapgyrlary bar.

Döwletiň bilime we ylma berýän goldawy ýylsaýyn artýar. Täze ýokary okuw mekdepleriniň, orta hünär bilim edaralarynyň sany ep-esli artdy. Şolaryň hatarynda Arkadag şäherinde gurlan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, okuw-terbiýeçilik merkezi, ýöriteleşdirilen mekdepler we çagalar baglary bar. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary üçin ýolbaşçy işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň paýtagtymyzda açylan binalar toplumy hem bar.

2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda birbada üç ýokary okuw mekdebiniň — Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň çäginde goşmaça okuw binasynyň hem-de beýleki desgalaryň düýbüni tutmak dabaralary geçirildi.

Milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, ýokary bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleriň kemala gelmegine gönükdirilendir. Halkara şertnamalar esasynda ýaşlarymyz daşary ýurtlaryň bilim edaralarynda-da wajyp ugurlar boýunça bilim alýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyzyň saglygynyň berkidilmegine aýratyn üns berýär. Munuň özi milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap derejede ösdürmek meselelerini çözmekde öz beýanyny tapýar. Döwlet tarapyndan bölünip berilýän uly göwrümli maýa goýumlar täze lukmançylyk edaralarynyň — ýöriteleşdirilen hassahanalaryň, derman serişdelerini öndürýän kärhanalaryň, saglyk öýleriniň gurluşygyna hem-de olaryň täze enjamlar bilen üpjün edilmegine gönükdirilýär. Ýurdumyzda emele gelýän häzirki zaman saglyk infrastrukturasy lukmançylyk edaralaryndan başga, sport ulgamyny-da öz içine alýar. Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň, sportuň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň strategik ugruna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz döwlet syýasatynyň medeniýet ulgamyna degişli esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, halkymyzyň medeni mirasyny halkara giňişlikde wagyz etmek, milletara medeni dialogy işjeňleşdirmek, medeni infrastrukturany giňeltmek ýaly ugurlary işjeňleşdirmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekýär. Şu ýyl dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýär. 2024-nji ýylyň Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem şahyryň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi meşhur söz ussadynyň döredijiliginiň umumadamzat derejesindäki ähmiýetini subut edýär.

Özygtyýarly döwletimiz saýlap alan parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasyna üýtgewsiz eýerýär. Geçen iki ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, görnükli syýasatçylar we işewür toparlaryň wekilleri bilen köp sanly duşuşyklary geçirildi. Halkara gatnaşyklaryň hem-de Türkmenistanyň sebitdäki goňşulary, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin täze sahypany açan ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi hem-de möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmagy ýurdumyzyň oňyn daşary syýasat ugruna ygrarlydygynyň aýdyň mysaly boldy. Döwlet Baştutanymyz onda eden çykyşynda sebitde we dünýäde özara ynanyşmagy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wajyp teklipleri öňe sürdi. Türkmenistan energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet bermek bilen, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin zerur tagallalary edýär. Ýurdumyz tarapyndan alnyp barylýan işler dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar tarapyndan giňden goldanylýar.

2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda öňe sürlen «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «Bütindünýä durnukly ulag güni», «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» we «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalary, şeýle hem ýurdumyzyň dört sany halkara düzümiň agzalygyna saýlanmagyny biragyzdan goldady. Bularyň ählisi Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginde uly abraýa eýedigini görkezýär, şeýle hem döwletimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatyna halkara bileleşik tarapyndan bildirilýän goldawyň barha artýandygyny subut edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, giň gerimli meýilnamalaryň amala aşyrylmagy, döwlet gurluşynda we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda alnyp barylýan düýpli özgertmeleriň aýdyň netijeleri ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde parasatlylygy we öňdengörüjiligi ruhy gymmatlyklar bilen sazlaşykly utgaşdyrýan häzirki zaman döwlet işgäriniň ajaýyp keşbini açyp görkezýär.

Başga habarlar
1662c96d8cab96.jpeg
Türkmenistan TOPH energetika taslamasyny halkara hukugyna pugta eýerip öňe sürýär

Türkmenistan Günorta Aziýa her ýylda 33 milliard kub metr gaz iberjek TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynda düýpli öňegidişlik gazandy diýip, TAPI Pipeline Company Ltd kompaniýasynyň Direktorlar geňeşiniň başlygy Muhammetmyrat Amanow Parižde geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynda çykyşynda belledi (TEIF 2024).


1662b623c33b61.jpeg
TOPH taslamasy, “Galkynyş” käni we Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň beýleki ugurlary – TEIF 2024 foýumynyň üns merkezinde

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow çarşenbe güni öz işine başlan Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşy barada habar berdi.


1662a296cc73d7.jpeg
Garaşsyzlyk bilen galkynan şahyryň täze kitaby neşir edildi

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň, umuman, medeniýet we sungat bilen meşgullanýan ähli adamlaryň dürli neşirlerde köpçülige ýetirýän eserlerinde galkynyşyň, ruhubelentligiň, ýurdumyza guwanç, buýsanç duýgusynyň güýçlüdigi mese-mälim görünýär.

1662a1e5711fd0.jpeg
Türkmenistan halkara maýadarlaryna ýangyç-energetika toplumynda birnäçe taslamalara gatnaşmaga çagyrýar

Parižde badalga alan forumyň maksady Türkmenistanyň energetika pudagynyň ähli ulgamlaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi 24-nji aprelde forumyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda belledi.


16628e14ee386e.jpeg
«Energetika diplomatiýasynyň esaslary we energiýa serişdeleri»

Ýakynda şeýle at bilen täze kitap okyjylar köpçüligine we talyplara okuw gollanmasy hökmünde gowuşdy. Bu kitap nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin uly sowgat boldy.