Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmeginiň iki ýyllygy mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/6920/original-165fa6e2d585b9.jpeg

19-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iň ýokary döwlet wezipesine girişmegine iki ýyl dolýar. Türkmen halkynyň durmuşynda möhüm waka bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň taryhynda täze sahypany açyp, ýurdumyzda asyrlaryň dowamynda kemala gelen halk häkimiýetliliginiň özboluşly däpleri bolan demokratik özgertmeleriň üýtgewsiz dowam etdirilýändigini görkezdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmeginiň iki ýyllygy mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Bu ýere köp sanly tomaşaçylar ýygnandylar. Olaryň arasynda Mejlisiň, Hökümetiň we Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, il sylagly ýaşulular, ylmy-döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar bar. Ýurdumyzyň sungat ussatlary bu möhüm waka üçin döredijilik sowgatlaryny taýýarlap, myhmanlara şowhunly konsert maksatnamasyny hödürlediler.

Konsert «Arkadagly Serdar, biz Siziň bilen!» atly aýdym-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Bu ajaýyp çykyşda türkmen halkynyň ösüşiň täze tapgyryna gadam basan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan buýsanjy şöhlelendirildi. Konsert meşhur halk we estrada aýdymçylarynyň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Çykyşlar Türkmenistanyň häzirki okgunly ösüşlerini görkezýän wideoşekiller bilen utgaşdy.

Aýdym-saz merkezinde ýokary ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. «Täze eýýam — halkyň bagty», «Döwletli döwran», «Watanym» atly aýdymlarda Watana söýgi, türkmen halkynyň ruhubelentligi we ýokary watançylyk duýgulary, parahatçylyk söýüjilige, döredijilige ygrarlylygy öz beýanyny tapdy. «Arçabil» deprekçiler toparynyň çykyşy tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy. Olar şowhunly kakuwlar bilen mähriban Diýarymyza, parahatçylyga, abadançylyga, gülläp ösüşe bagyşlanan «Toý bu gün» atly sazly baýramçylyk kompozisiýasyny ýerine ýetirdiler.

Şeýle hem sahnada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik işlerine bagyşlanan aýdymlar ýaňlandy. Hususan-da, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdymçylary we hor topary tarapyndan «Arkadagly Gahryman Serdara şöhrat!» atly aýdym, ussat aýdymçylar tarapyndan «Arkadagly Gahryman Serdarymyz», «Alkyş Size, Arkadag!», «Ak şäheriň gutly bolsun, Arkadag!» aýdymlary ýerine ýetirildi. «Arkadag» atly aýdymda türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän beýik özgertmeler wasp edildi.

Sungat ussatlarynyň ýürek joşguny, yhlasy we zehini tomaşaçylaryň goldawyna mynasyp boldy. Aýdym-saz sungatynyň ýyldyzlary bilen bir hatarda, sungat ýoluna ýaňy gadam basan ýaş ýerine ýetirijiler hem çykyş etdiler. Türkmenistanyň Döwlet tans toparynyň, «Serpaý» folklor toparynyň we «Näzli», «Galkynyş», «Aşgabat», «Meňli» tans toparlarynyň çykyşlarynda milli däp-dessurlaryň döwrebaplyk bilen utgaşýan özboluşlylygy, geçmiş bilen geljegiň arabaglanyşygy şöhlelendirildi. «Arkadagym, Arkadagly Serdarym!» atly göwün göteriji aýdym her bir güni beýik ýeňişlere, zähmet üstünliklerine we umumymilli dabaralara beslenýän watandaşlarymyzyň kalbynyň senasy bolup ýaňlandy.

Halkymyzyň taryhy-medeni we ruhy tejribesini özünde jemleýän halk döredijiliginiň ajaýyp nusgasy bolan «Küştdepdi» tansy tomaşaçylar üçin hakyky sowgat boldy. «Laçyn» folklor toparynyň ýerine ýetiren bu tansy konserte gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Dabara gatnaşyjylar konsertiň ajaýyp jemlenmesi bolup ýaňlanan «Arkadagly Gahryman Serdar bilen!» atly watançylyk aýdymyny ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasaty netijesinde halkymyzyň rowaçlygynyň we ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine amala aşyrylýan beýik işler wasp edildi.

Başga habarlar
16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.