Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Serdar Berdimuhamedowy Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli gutlady
Çuňňur hormatlanylýan
Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda rysgal-berekede, toý-baýrama beslenip gelen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmak ugrunda alyp barýan tutumly işleriňizde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw edýärin.
Hormatly Prezidentimiz!
Siziň tagallalaryňyz bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň döredijilik kuwwatynyň, taryhy-medeni gymmatlyklarynyň rowaçlanmasynyň baýramy hökmünde giňden bellenilýär. Türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna giňden ornaşan Nowruz parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr. Nowruz galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirmäge goşant goşýar.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý many-mazmuna beslenýän Nowruz baýramynyň şatlyk-şowhuny her bir maşgala ojagyna sahawatlylyk, döwletlilik, agzybirlik getirýär. Ol halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine ruhlandyryp, ýüreklerde ata Watanymyza, bagtyýar şu günümize, nurana geljegimize buýsanç duýgularyny oýarýar. Munuň özi diňe bir ykdysady ösüşi däl, eýsem, durmuş, jemgyýetçilik-syýasy ösüşi, medeni-ruhy taýdan baýlygy alamatlandyrýar. Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasynda” hem-de ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda geçirilýän baýramçylyk dabaralary mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň, eziz Watanymyzyň gülläp ösüşleriniň özboluşly beýanyna öwrülýär.
Hormatly Arkadagly
Gahryman Serdarymyz!
Türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynda, halk döredijiliginde, medeni mirasynda Nowruza giň orun berilmegi onuň taryhy kökleriniň asyrlaryň jümmüşine uzaýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Halkymyzda Nowruz baýramy bilen baglanyşykly däp-dessurlaryň ençemesi bar. Merdana pederlerimiz Nowruzda berjaý edilýän däpleriň we ynançlaryň üsti bilen nesilleri Watana wepalylyk, tebigata, durmuşa söýgi, ynsanperwerlik ruhunda terbiýeläpdirler, ýaşlaryň kalbynda ýagşy gylyk-häsiýetleri, halal zähmet çekmek endiklerini kemala getiripdirler.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Siziň tagallalaryňyz bilen Nowruz baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde merdana ekerançylarymyz geljekki bol hasylyň düýbüni tutýarlar, öz zähmeti bilen türkmen topragynyň rysgal-berekedini artdyrýarlar. Şonuň netijesinde, türkmeniň bereketli saçaklary naz-nygmatlardan dolýar. Nowruz baýramy diňe bir zähmetsöýer ekerançylary ýokary netijeleri gazanmaga ruhlandyrman, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ähli ildeşlerimize Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine has-da belent sepgitlere ýetmäge täze ylham berýär.
Hormatly Prezidentimiz!
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda her ýylyň 21-nji martynyň «Halkara Nowruz güni» diýlip yglan edilmegi, Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu gadymy baýramyň halkara derejedäki ähmiýetini has-da artdyrdy. Bu baýram mynasybetli geçirilýän çäreler Nowruz baýramyny belleýän halklary, ýurtlary birek-birege ýakynlaşdyrmak bilen, medeni-ynsanperwer ýörelgeleriň rowaçlanmagyna ýardam edýär.
Sarpasy belent
Prezidentimiz!
Sizi bahar gözelliklerinden gaýnap-joşýan eziz Diýarymyzda giň gerim bilen bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyz mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin! Goý, Nowruz nagmalary göwünlere ganat berip, ykballara baky bagtyň ýakymly owazy bolup dolsun!
Sizi hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.