Habarlar

Türkmenistanda gowaça ekişine girişildi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/6929/original-165fbe7bd3424e.jpeg

Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji martda geçirilen mejlisinde bellän möhletlerine laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 20-nji martda gowaça ekişine başladylar. Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bolsa bu möwsüme 27-nji martda girişerler,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Asylly däbe görä, gowaça ekişine il sylagly ýaşulular ak pata berdiler. Beýik Biribardan Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadançylygy, döwlet Baştutanymyzyň döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagy dileg edilip, meýdanlara ilkinji gowaça tohumlary sepildi. Soňra mehanizatorlar işe girişdiler.

Pagtaçylyk daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýän esasy pudaklaryň biridir. Maddy-enjamlaýyn binýadyň döwrebaplaşdyrylmagy, öňdebaryjy ylmy çözgütleriň we innowasion tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň höweslendirilmegi bu pudagy ösdürmegiň esasy wezipeleri hökmünde kesgitlenildi.

Obasenagat toplumynda ekinleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy, maldarçylygy ösdürmek, mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak boýunça çäreler görülýär. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip gurmagyň hasabyna «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň, «Türkmenpagta» döwlet konserniniň hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň döredilmegi munuň aýdyň güwäsidir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, daýhanlaryň ýere bolan höwesini artdyryp, yhlasly zähmet çekmekleri üçin oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakynda Karara gol çekdi.

Bu pudakda giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagy bilen, obasenagat toplumynyň işiniň netijeliligi ýokarlanýar. Şeýlelikde, pudagy inženerçilik-tehniki taýdan üpjün etmek meseleleri täzeçil usulda çözülýär, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, täze görnüşdäki kuwwatly tehnikalar satyn alynýar. Ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, tohumçylygyň we bu ugra degişli ylmy barlaglaryň ösdürilmegine köp mukdarda maliýe serişdeleri goýberilýär. Pagtany gaýtadan işleýän senagat döwrebaplaşdyrylyp, sebitlerde häzirki zaman pagta arassalaýjy kärhanalary guruldy.

Oba hojalyk pudagyny sanlylaşdyrmak, ýerleri işläp taýýarlamagyň täzeçil usullaryny, öňdebaryjy agrotehnologiýalary ornaşdyrmak, daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň, beýleki önüm öndürijileriň girdejilerini ýokarlandyrmak, kärende gatnaşyklaryny kämilleşdirmek boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Bu gymmatly ekini ösdürip ýetişdirmek işlerine oba hojalyk maksatly ýer gaznasyndan ýer böleklerini alan hususy önüm öndürijiler hem işjeň gatnaşýarlar.

Ekiş möwsümine çenli pagtanyň saýlama tohumlary saýlanyp alyndy. Orta süýümli gowaça tohumynyň saýlama görnüşleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýetişdirilýär. Şolaryň hatarynda “Ýolöten — 7”, “Ýolöten — 39”, “Jeýhun”, “S-2606”, “Daşoguz — 120”, “Daşoguz — 114”, “Gubadag — 3”, “149-F” ýaly, tiz ýetişýän, ýokary hasylly, arassa süýümli görnüşlerine aýratyn ähmiýet berildi. Gowaçanyň inçe süýümli “Ýolöten — 14” görnüşi, toprak-howa şertlerine laýyklykda, Ahal we Mary welaýatlarynda ekiler.

Şu gezekki ekiş möwsüminde dürli kysymly traktorlar, şol sanda oba hojalyk tehnikalaryny öndürmekde dünýäde öňdebaryjy “John Deere” kompaniýasyndan satyn alnan we telematik sanly elektron ulgam bilen enjamlaşdyrylan traktorlar, ekişiň bökdençsiz alnyp barylmagyny üpjün edýän, soňky agrotehniki çäreleri geçirmäge niýetlenen ekiji gurallar hem-de gowaça kultiwatorlary peýdalanylar. Ýerlerde tehnikalara gije-gündizleýin abatlaýyş hyzmatyny ýola goýmak, mehanizatorlaryň we beýleki ekişe gatnaşýanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, mynasyp dynç almagy üçin zerur şertler döredildi. Şol bir wagtyň özünde, etraplaryň we daýhan birleşikleriniň çäklerinde hereket edýän biobarlaghanalar täze ekiş möwsümine taýýarlanyldy. Olar pagtaçylary gowaça zyýan berijilere garşy ulanylýan, ekologik taýdan arassa we ykdysady taýdan bähbitli bioönümler bilen üpjün ederler.

Möwsümiň öňüsyrasynda welaýatlaryň degişli daýhan birleşiklerinde oba hojalygyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, pudagyň okgunly ösüşini, ýokary düşewüntliligini, oba hojalyk önümleriniň möçberiniň durnukly artdyrylmagyny üpjün etmek meselelerine bagyşlanan okuw maslahatlary geçirildi. Hususan-da, gowaça ekişini öz wagtynda we guramaçylykly geçirmek, onuň ähli tapgyrlarynda agrotehniki kadalary berk berjaý etmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekin meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekinlere zyýan berijileriň hem-de haşal otlaryň öňüni almak barada pikir alşyldy.

Maslahata gatnaşyjylar çykyşlarynda oba hojalygy pudagynyň ösdürilmegine goldawy, ýurdumyzyň zähmetkeşleriniň zähmet we durmuş şertlerini gowulandyrmaga berýän uly ünsi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, obasenagat toplumyndaky özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny, bilimlerini hem-de tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guralan dabaralaryň çäklerinde dürli oba hojalyk tehnikalarynyň, gaýtadan işleýän kärhanalarda öndürilen önümleriň sergisi guraldy. Welaýatlaryň aýdym-saz we folklor toparlarynyň çykyşlary pagtaçy kärendeçilere ruhy lezzet paýlady.

Başga habarlar
16ac11fdab9889.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dokuz aýyň jemlerine garaldy

3-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


16ab542320b5a9.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis

23-nji sentýabrda Aşgabatda «Maslahat köşgi» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.


16ab53cb6bd58a.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri HUAWEI CONNECT 2026 halkara sergisine gatnaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygy we goldawy bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

16ab53625587cb.jpeg
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi iri sebit taslamalarynyň barşy barada aýtdy

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Lahoryň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan «Ambassadors' Dinner 2026» atly däp bolan diplomatik agşamlyk naharyna baş myhman hökmünde gatnaşdy.


16aa91fc63abdc.png
Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.