Habarlar

Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/6942/original-165fe641be7be6.jpeg

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Krasnogorsk şäherindäki «Krokus siti holl» konsert zalynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýaragly hüjüm we partlama zerarly gynanç hatyny iberdi,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar.

Şu agyr pursatda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Başga habarlar
169e983c80480a.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy.


169e98261e1241.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy.


169e87aaf1becb.jpeg
Awtoulaglara ýangyç guýujy täze beketler sürüjileriň hyzmatynda

Hormatly Prezidentimiz 10-njy aprelde ýurdumyzyň Lebap welaýatynda iş sapary bilen bolanda, uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli halkara awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegini açyp ulanmaga berdi.

169e878826c154.jpeg
Amyderýadan Aşgabada: Ýaş tebigatçylar üçin okuw maslahaty geçirildi

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda guralan eko-syýahatyň dowamy hökmünde, Aşgabatda ýaşlar üçin okuw maslahaty geçirildi.


169e72e9ade5be.jpeg
Zähmeti goramaklyga uly ähmiýet berilýär

«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutyndaky (YBTGI) «Türkmengeologiýa» DK-nyň Merkezi önümçilik barlaghanasynda (MÖB) Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly çäre geçirildi.