Habarlar

Aşgabatda «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň merkezi edara binasy gurular

https://www.ussatnews.com/storage/posts/6953/original-166000ae2d0814.png

Aşgabatda «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň merkezi edara binasy gurular. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi poçta hyzmatlaryna sanly ulgamlary we öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga mümkinçilik berer we pudakda netijeli we ýokary hilli hyzmatlary has-da döwrebap ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Taslama laýyklykda, bäş gatdan ybarat bolan täze desgada iş, tehniki we serwer otaglary, ýörite enjamlary, müşderiler bilen işlemek üçin operatorlaryň iş otaglaryny we uly zaly, mejlisler zalyny ýerleşdirmek, olary döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek, häzirki zaman aragatnaşyk ulgamyny gurnamak, işgärler üçin ähli amatly şertleri döretmek göz öňünde tutulýar.

2,24 gektar meýdançadaky desganyň çäginde tehniki we kömekçi binalary, sport meýdançasyny, rezerwuary, tehniki desgalary hem-de awtoduralgalary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.

Başga habarlar
16a9d1742084d7.jpeg
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.


16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.

16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.


16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.