Türkmenistanyň Prezidenti Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşyjylary gutlady
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň hem-de abraýly halkara guramalaryň arasynda hyzmatdaşlyk barha ösdürilýär. Berkarar döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolup, sebitde we dünýäde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleri üstünlikli amala aşyrýar. Bu ugurda yzygiderli alnyp barylýan medeni diplomatiýanyň çäklerinde dünýä döwletleri, aýratyn-da, türki dünýäniň ýurtlary bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklarymyza aýratyn ähmiýet berýäris.
Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-nyň arasynda halkara medeni hyzmatdaşlyk hem barha ösdürilýär. Muňa bu gurama tarapyndan 2015-nji ýylda ýurdumyzyň Mary şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegini mysal görkezmek bolar. Şu mynasybetli dabaralaryň dowamynda türki döwletlerden gelen myhmanlaryň gatnaşmagynda onlarça medeni çäreler ýokary guramaçylykly geçirilip, taryhyň sahypalaryna ebedilik ýazyldy. Häzirki döwürde TÜRKSOÝ tarapyndan Türkmenistanda we beýleki türki dilli döwletlerde guralýan medeni çäreler dostlukly gatnaşyklaryň binýadyny barha berkidýär. Gurama agza ýurtlaryň medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlarynyň, suratkeşleriniň gatnaşmaklarynda geçirilýän konsertler, döredijilik duşuşyklary, sergiler türki dünýäniň medeni-ruhy gymmatlyklaryny giňden wagyz etmekde, özara tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Gadyrly dabara gatnaşyjylar!
TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de ýurdumyzyň Änew şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bu şöhratly wakalaryň Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýy bilen utgaşykly gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Magtymguly öz goşgularynda dost-doganlygy, agzybirligi, parahatçylygy, ynsanperwerligi giňden wasp eden, adamzat kalbynda orun alan dana şahyrdyr. Bu gün onuň pähim-paýhasa eýlenen eserleri türki dilli we dünýä ýurtlarynda jebisligiň, dost-doganlygyň aýdymy bolup belentden ýaňlanýar.
Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň akyldar şahyra goýýan çuňňur hormat-sarpasy netijesinde dana Pyragynyň şan-şöhratynyň bütin dünýäde has-da belende göterilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Hormatly watandaşlar!
Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda özboluşly orny eýeleýän Änew şäheri milli medeni we taryhy ýadygärlikleri özünde jemleýän gadymy şäherleriň biridir. 1904-nji ýylda Änewiň arheologik depelerinde geçirilen gazuw-barlag işleri bu ýerde eneolit döwründe ýaýran ekerançylyk medeniýeti barada köp sanly gymmatly maglumatlary ýüze çykardy. Şol gazuw-barlag işleriniň dowamynda ýadygärligiň bu döwre degişli medeni gatlaklarynda gadymy desgalaryň diwar galyndylary, zähmet gurallary, keramika önümleri bilen bir hatarda, ak bugdaýyň däneleri hem ýüze çykaryldy. Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň Änew şäherinde bina edilmegi-de şu hakykat bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu açyşlardan soňra, sebitiň eneolit döwrüniň arheologik medeniýeti «Änew medeniýeti» ady bilen dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine ýaň saldy. XX asyryň ortalarynda Änew medeniýetine degişli başga-da birnäçe ýadygärlikler ýüze çykaryldy. Orta asyrlarda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Änew galasy gülläp ösen şäherçä öwrülipdir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň Änew şäheri barha pajarlap ösýär, bu ýerde medeni-durmuş maksatly binalar yzygiderli gurulýar.
Gadyrly dostlar!
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek medeni çäreler TÜRKSOÝ-na agza ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da ösdürer diýip umyt edýärin. Şolaryň hatarynda «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahatyň, «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahatynyň we türki halklaryň suratkeşleriniň, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň işgärleriniň, fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisiniň biziň halklarymyzyň medeniýet we sungat wekilleriniň döredijilikli hyzmatdaşlygynyň kämilleşmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn.
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi TÜRKSOÝ tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar
"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar
«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.