«Energetika diplomatiýasynyň esaslary we energiýa serişdeleri»

15:39 24.04.2024

https://www.ussatnews.com/storage/posts/7296/original-16628e14ee386e.jpeg

Ýakynda şeýle at bilen täze kitap okyjylar köpçüligine we talyplara okuw gollanmasy hökmünde gowuşdy. Bu kitap nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin uly sowgat boldy.

«Energetika diplomatiýasynyň esaslary we energiýa serişdeleri» atly bu täze düýpli iş ýurdumyzda birnäçe ylmy işleri, ylaýta-da nebitgaz toplumynda uly işleri ýerine ýetiren hukuk ylymlarynyň kandidaty A.K.Abdullaýew we halkara nebitgaz taslamalary boýunça bilermen, tehniki ylymlaryň kandidatynyň alymlyk derejesine dalaşgär G.W.Agajanow tarapyndan taýýarlanyldy. Okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döretjek täze kitap hukukşynaslyk, halkara hukugy, halkara gatnaşyklary barada taýýarlyk ugurlary we hünärleri boýunça bilim alýan raýatlar, ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar üçin niýetlenildi. Şu nukdaýnazardan kitap maglumatlara, çuň manyly pikirlere baýlygy, mazmunynyň giňligi bilen tapawutlanýar. Täze neşiriň häzirki döwrüň esasy meselesi bolan energetika diplomatiýasy babatda köp sanly sowallara yzygiderli jogap berjekdigi, Türkmenistanyň halkara derejesinde alyp barýan işlerinde öňe sürýän parasatly syýasatyna we bütin dünýäniň halkara gatnaşyklarynda diplomatiýa diýen düşünjä has-da anyk ýagdaýda düşünmeklige ýardam etjekdigi bellärliklidir.

Kitap jemi 6 bölümden: energetika diplomatiýasy; energetika howpsuzlygy, energetika — energetika diplomatiýasynyň we howpsuzlygyň obýekti hökmünde; energetika diplomatiýasynyň derejeleri; importýor we eksportýor döwletleriň energetika diplomatiýasy; Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň ählumumy derejede we sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça aýratynlyklary; energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde ekologiýa degişli meseleler atly bölümlerden ybarat bolup durýar:

Okuw gollanmasy umumy diplomatiýanyň bölümi hökmünde energetika diplomatiýasy babatda giňişleýin düşünje berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň energetika diplomatiýasy we howpsuzlygy boýunça Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine gönükdirilen başlangyçlaryna, ýörelgelerine, maksatlaryna esaslanýar. Halkara umumy diplomatiýasyny ösdürmegiň häzirki tapgyrynda energetika diplomatiýasy aýratyn orny eýeleýär.

Kitabyň maksady we wezipeleri türkmen ýaşlaryna, talyplaryna özbaşdak pikirlenmegi hem-de okuwda, durmuşda käbir ýüze çykyp biläýjek esasy meseleleriň çözgütlerini tapmagy, kabul etmegi öwretmekden ybaratdyr.

Bu okuw gollanmasynda «energetika diplomatiýasy», «energetika howpsuzlygy» ýaly umumy düşünjeler, energetika diplomatiýasynyň derejeleri we nebit-gazly döwletleriň strategiýasy giňişleýin seljerilýär. Ýurdumyzyň energiýa serişdelerine, olaryň tehniki-ykdysady aspektlerine, klassifikasiýasyna, energiýa serişdeleriniň bazar gatnaşyklaryna we häzirki zaman energetika howpsuzlygyna degişli wajyp meseleler kitapda beýan edilýär.

Makroykdysady, mikroykdysady ýagdaýlar, maýa goýum bilen bagly meseleler kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär we tablisalar arkaly birnäçe döwletleriň sanawda haýsy ýerleri eýeleýänligi seljerilýär. Muňa nebitiň has köp gorlaryna eýe bolan döwletler, dünýäde nebit çykarmak boýunça has iri döwletler, nebiti has köp sarp edýän döwletler, dünýäde gaz çykarmak boýunça has iri döwletler, tebigy gazyň has köp we subut edilen gorlaryna eýe bolan 20 sany döwlet, nebiti eksport edýän döwletler, nebiti importirleýän döwletler diýen tablisalara bölünen ýurtlaryň sanawy şaýatlyk edýär.

Şu nukdaýnazardan kitabyň Garaşsyz ýurdumyzda nebit we gaz ugrundan bilim alýan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, halkara hukugy, halkara gatnaşyklary we diplomatiýasy pudagyna ýöriteleşdirilen ugurlar boýunça hünärmenler üçin peýdasy uludyr. Oňa maslahat hökmünde awtorlar tarapyndan işlenip taýýarlanan «Energetika diplomatiýasy we energetika serişdeleri» kursy boýunça okuw meýilnamasynyň taslamasy hem goşulýar.

Umuman, kitabyň haýsy bir bölümini alanyňda-da, ýurdumyzyň iň iri ykdysady pudaklarynyň biri bolan nebitgaz toplumy ýa-da beýleki pudaklar bolsun, şu okuw gollanmasynyň awtorlary talyplaryň ýokarda görkezilen başarnyklara we ukyplara eýe boljakdygyna bil baglaýarlar.

Başga habarlar
16637a24bdcf9b.jpeg
Nebitgaz toplumynda ýylyň dört aýynyň jemlerine garaldy

4-nji maýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


166353fe3afdf6.jpeg
Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ugrunda täze AÝGB-ler işe girizildi

Mary welaýatynyň Mary etrabynda Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen-Mary böleginiň 309,7-nji kilometrinde iki sany täze Awtoulaglara ýangyç guýujy beket işe girizildi. Olar “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň Wekilbazar nebit önümleri kärhanasynyň sargydy boýunça guruldy.


16635395f30de9.jpeg
“Türkmengaz” DK önümçilik desgalaryny dolandyrmak we maglumatlary toplamak ulgamyny işe girizer

“Türkmengaz” döwlet konserni konserniň önümçilik desgalaryny merkezleşdirilen dessin-dispetçer dolandyryş we maglumat toplaýyş ulgamyny “açary gowşurmak” şerti bilen gurmak boýunça halkara bäsleşigiň deslapky saýlawyny yglan etdi. Bu barada bildiriş “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edildi.

1663380d7da384.jpeg
Çig mala baý Nogaý käni

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň «gara altyn» we «mawy ýangyç» gözleýji burawlaýjy toparlarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir aýynda ýerine ýetirýän giň gerimli işleri buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.


1663291bc0b1ee.jpeg
Nebitgaz toplumynda sport bäsleşikleri guramaçylykly geçirildi

Geçen hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan nebitgaz toplumynyň işgärleriniň arasynda «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» şygary astynda sportuň birnäçe görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi.