Aşgabat şäherinde 320 orunlyk çagalar bagy gurlar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň gündogar tarapynda 320 orunlyk çagalar bagynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Berk Gala Gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň maý aýynda başlamak we çagalar bagyny 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy.
Awtoulaglara ýangyç guýujy täze beketler sürüjileriň hyzmatynda
Hormatly Prezidentimiz 10-njy aprelde ýurdumyzyň Lebap welaýatynda iş sapary bilen bolanda, uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli halkara awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegini açyp ulanmaga berdi.
Amyderýadan Aşgabada: Ýaş tebigatçylar üçin okuw maslahaty geçirildi
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda guralan eko-syýahatyň dowamy hökmünde, Aşgabatda ýaşlar üçin okuw maslahaty geçirildi.
Zähmeti goramaklyga uly ähmiýet berilýär
«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutyndaky (YBTGI) «Türkmengeologiýa» DK-nyň Merkezi önümçilik barlaghanasynda (MÖB) Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly çäre geçirildi.