«Arkadag» futbol topary «Ahal» toparynyň ýeňişli ýoluna böwet boldy
2024-nji ýylda geçirilýän Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň toparlarynyň arasynda «Arkadag» toparynyň oýunçylary 11-nji gezek ýeňiş gazandylar, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär. Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň 13-nji tapgyrynda Wladimir Baýramowyň topary täze baş tälimçi Döwletmyrat Annaýewiň ýolbaşçylygynda häzire çenli üç ýeňiş gazanan ýakyn bäsdeşi «Ahal» topary 4:0 hasabynda ýeňdi we öňdeligini has-da berkitdi.
Duşuşyk paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçirildi. Myhmanlar 5-nji minutda Altymyrat Annadurdyýewiň tagallasy bilen öňe saýlandylar. 37-nji minutda ol ýene bir pökgi geçirdi. 53-nji minutda geçen ýylyň iň köp pökgi geçiren oýunçysy Didar Durdyýew üçünji geçirilen pökgiň eýesi boldy. Begenç Akmämmedow 73-nji minutda duşuşygyň soňky nokadyny goýdy.
«Ahal» toparynyň ýeňişli ýörişine böwet bolan «Arkadag» topary 33 utuk gazanyp ýakyn bäsdeşinden utuk tapawudyny 9-a ýetirdi. Özi-de, Türkmenistanyň häzirki çempiony beýlekilerden bir oýun az oýnady.
Geçen ýylky çempionatynyň bürünç medalyny eýelän «Nebitçi» toparyny Balkanabatda 5:0 hasabynda ýeňlişe sezewar eden, 10 duşuşykda 21 utuk gazanan «Altyn asyr» topary üçünji oruny eýeledi. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň toparyndan Rahman Muratberdiýew (8-nji we 70-nji minutlarda) we Arslan Saparow (32-nji we 51-nji minutlarda) iki, Wahyt Orazsähedow (69-njy minutda) bir pökgi geçirdiler.
Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň 13-nji tapgyryň beýleki bir oýnunda paýtagtymyzyň «Köpetdag» topary öz meýdançasynda «Merw» toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykyp, birinji aýlawda 1:2 hasabynda ýeňlişi üçin haklaşdy. Tofik Şükürowyň topary duşuşygyň soňky 17 minudynda Batyr Täçnazarowyň 73-nji we Süleýman Mirzoýewiň 84-nji minutlarda geçiren pökgileri netijesinde myhmanlardan rüstem geldi.
Şu ýeňişden soň 9 utuk gazanan «Köpetdag» topary 12 utuk gazanan we bir oýun artyk oýnan, ýedinji orny eýeleýän «Nebitçi» topara golaýlaşdy. 18 utuk gazanan «Merw» topary dördünji orunda galdy.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.