Habarlar

Germaniýanyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamy Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine berildi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/7584/original-1664dec74bb3aa.jpeg

Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamy Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine sowgat berildi,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

«B.Braun» kompaniýasynyň iň soňky döwrebap tehnologiýalar esasynda işlenip düzülen täze nesil «emeli böwrek» enjamy dializ bejergisiniň häzirki wagtda mälim bolan ähli görnüşlerini geçirmäge mümkinçilik berýär.

Eneligi we çagalygy goramak, sazlaşykly ösen ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahaty Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwletimiziň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir.

Şu gün «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň paýtagtymyzyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň toksikologiýa we çagalaryň gemodializi bölümine sowgat berilmegi döwletimiziň ýaş raýatlarynyň saglygy we abadançylygy baradaky üznüksiz aladalarynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Ozal habar berlişi ýaly, Germaniýanyň meşhur kompaniýasynyň şunuň ýaly täze enjamlary şu ýyl Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine hem-de Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň hassahanasyna sowgat berildi.

Başga habarlar
16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.