Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gurban baýramy bilen gutlady

https://www.ussatnews.com/storage/posts/7818/original-1666e350e03866.jpeg

Hormatly adamlar!

Eziz watandaşlar!

Sizi musulman dünýäsiniň mukaddes baýramlarynyň biri bolan mübärek Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gadymy döwürlerden bäri ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň hem-de ruhy päkligiň dabaralanmasyny alamatlandyrýan bu baýram Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülläp ösýän eziz Watanymyza, mähriban halkymyza bereket getirsin, bagtyýar durmuşymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrsyn!

Türkmen halky müňýyllyklardan bäri tämiz we aýdyň ýörelgelere eýerip gelýän, dünýä, ýaşaýyş, ynsan, dostluk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, döwletlilik baradaky garaýyşlaryny, ynançdyr adatlaryny, däp-dessurlaryny kämil derejä ýetiren halklaryň biridir. Ynsanyýetiň iň gözel, iň ajaýyp häsiýetlerini özünde jemlän merdana pederlerimiziň adamkärçilik, açykgöwünlilik, birek-birege hormat-sarpa goýmak ýaly ýörelgeleriň kämilleşmeginde, aýratyn-da, Gurban baýramynyň ruhy-ahlak taýdan bitewülige we tämizlige, belent ynsanperwerlige çagyrýan mukaddes baýramlaryň birine öwrülmeginde uly hyzmatlary bardyr. Garaşsyz ýurdumyzyň Ýer ýüzündäki mertebesiniň gün-günden beýgelýän, şan-şöhratynyň has-da artýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu mukaddes baýram ýokary jebislikde, agzybirlikde garşy alynýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem gurbanlyk döwlet derejesinde üç günüň dowamynda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň baýramçylyk meýdançalarynda, medeni-dynç alyş merkezlerinde, ähli şäherlerimizdir obalarymyzda baý öwüşgindäki aýdym-sazly, medeni-jemgyýetçilik çäreleri ýaýbaňlandyrylyp bellenilýär. Her maşgalada bereketli saçaklar giňden ýazylyp, baýramçylyk tagamlary hödürlenip, Garaşsyz Watanymyzyň abadançylygynyň, külli adamzadyň bagtyýar hem-de parahat durmuşynyň hatyrasyna ýagşy dilegler edilýär.

«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarymyzdan ugur alyp, biz ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdynlygy we ruhy kämilligi ugrunda yzygiderli alada edýäris. Jemgyýetimiziň ynsanperwerligiň belent ýörelgelerine laýyklykda kämilleşmegine, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda ösmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Watandaşlarymyzyň yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat etmekleri, parz ýörelgeleri berjaý etmekleri üçin ähli şertleri döredýäris. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilýän ýylynda hem Gurban baýramy mynasybetli Türkmenistanyň wekillerinden ybarat uly topary haj parzyny berjaý etmek üçin zyýarata iberdik.

Eziz watandaşlar!

Biziň özboluşly, gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarymyz Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň döremegine hem-de pugtalandyrylmagyna ýardam berýän altyn hazynalardyr. Ýer ýüzünde millet hökmünde tanalmagymyzyň we hormatlanmagymyzyň esasydyr, bakylyk mertebämizdir. Şoňa görä-de, milli ýörelgelerimizi, müňýyllyklaryň dowamynda toplanan tejribelerimizi ileri tutup, jemgyýetimizi ynsanperwerligiň belent ýörelgeleri esasynda has-da kämilleşdirýäris, il-günümize çäksiz söýgimiz, agzybirligimiz, tutanýerli zähmetimiz bilen şanly ösüşleri gazanyp, eziz Watanymyzy has-da şöhratlandyrýarys. Kabul eden maksatnamalarymyzy, özgertmelerimizi hem-de geljegi uly taslamalarymyzy üstünlikli amala aşyryp, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň ýoly bilen ynamly öňe barýarys.

Biz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerimize, türkmen halkynyň beýik ogly hem-de akyldary Magtymguly Pyragynyň: «Ýatsa-tursa hyýalyndan çykarmaz,//Kaýsy işe maýyl bolsa adamzat» diýen pähimine eýerip, dünýä halklary we ýurtlary bilen dost-doganlyk ýollaryny gurýarys. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, Aziýa we Aziýa — Ýuwaş umman sebitleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa hem-de Amerika ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrýarys. Bularyň ählisi mähriban halkymyzy, Garaşsyz Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde, Bitarap döwletimiziň dünýädäki ornuny pugtalandyrmakda täze belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar.

Eziz watandaşlar!

Hormatly adamlar!

Sizi mukaddes Gurban baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk we maşgala abadançylygyny arzuw edýärin. Mübärek Gurban baýramy günlerinde beren gurbanlyk sadakalaryňyz, eziz Watanymyzyň bagtyýarlygy, il-günümiziň abadançylygy üçin eden doga-dilegleriňiz, iň gowy arzuw-umytlaryňyz Gudraty Güýçli Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Başga habarlar
16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.