Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady

https://www.ussatnews.com/storage/posts/7861/original-16674e669b690c.jpeg

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko şanly 60 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

«Siziň işiňiz hormatly we jogapkärli işdir. Şol işiň netijeleri dünýäniň tehnologik ösüşine, bütin adamzadyň durmuşynyň gowulanmagyna saldamly goşant goşýar» diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Oleg Kononenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, kosmonawtikada uly öňegidişlikleri gazanmak üçin täze sepgitleriň we mümkinçilikleriň açylmagyny arzuw etdi.

Başga habarlar
169e983c80480a.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy.


169e98261e1241.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy.


169e87aaf1becb.jpeg
Awtoulaglara ýangyç guýujy täze beketler sürüjileriň hyzmatynda

Hormatly Prezidentimiz 10-njy aprelde ýurdumyzyň Lebap welaýatynda iş sapary bilen bolanda, uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli halkara awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegini açyp ulanmaga berdi.

169e878826c154.jpeg
Amyderýadan Aşgabada: Ýaş tebigatçylar üçin okuw maslahaty geçirildi

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda guralan eko-syýahatyň dowamy hökmünde, Aşgabatda ýaşlar üçin okuw maslahaty geçirildi.


169e72e9ade5be.jpeg
Zähmeti goramaklyga uly ähmiýet berilýär

«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutyndaky (YBTGI) «Türkmengeologiýa» DK-nyň Merkezi önümçilik barlaghanasynda (MÖB) Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly çäre geçirildi.