Bagtyýar zenanlarymyzyň akyldar şahyra bagyşlanan bäsleşigi
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde «Arkadag hem Arkadagly Serdar bilen bagtyýar siz, Pyragynyň wasp eýläni, zenanlarmyz — bagta ýar siz!» atly şygar bilen geçirilen bäsleşigiň jemi jemlenildi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň ilkinji zenanlar guramasynyň «Nebit-gaz» gazeti bilen bilelikde Gündogaryň beýik, akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli guran dabaraly baýramçylyk çäresine toplumyň önümçilikleriniň öňdebaryjy işgärleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň talyplary we beýleki daşdan-ýakyndan gelen myhmanlar gatnaşdy.
Dabara Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň, «Galkynyş» çagalar tans toparynyň çykyşy bilen başlandy. Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýewiň Pyragynyň şekilini janlandyryp, akyldaryň goşgularyndan çeper okamagy hem tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Soňra «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Ussaýew, «Türkmengaz» döwlet konserniniň baş hünärmeni, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Mähri Mämmedowa, Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň geofizika bölüminiň başlygy Hatyja Çopanowa çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň türkmen halkynyň durmuşynda tutýan möhüm orny, onuň eserleriniň dünýä medeniýetiniň hazynasy hökmünde ykrar edilenligi, daşary ýurtlarda şahyryň sarpasynyň belent tutulyşy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy netijesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda filosof şahyr Magtymgulynyň mertebesiniň has belende göterilişi, onuň adyny ebedileşdirmek bilen bagly alnyp barylýan işler, «Nebit-gaz» gazetinde şahyryň döredijiligi barada materiallaryň, habarlaryň, goşgularyň yzygider çap edilişi barada durup geçdiler.
Bäsleşikde 1-nji ýere «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buhgalteri, Türkmenbaşy şäher Halk maslahatynyň agzasy Şemşat Nefesowa, ikinji orunlara «Nebit-gaz» gazetiniň habarçysy Akgül Saparowa, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Geologiki maglumatlar merkeziniň inženeri Ogulsuraý Garaýewa, 3-nji orunlara «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýörite işler boýunça esasy hünärmeni Gülşat Myratmuhammedowa, «Marygazçykaryş» müdirliginiň esasy ykdysatçysy Maýsa Hallyýewa, «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Aşgabatgaz» müdirliginiň hünärmeni Baýramgül Setdarowa dagy mynasyp boldy. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar we ter gül desseleri gowşuryldy.
Ýeňijileri sylaglamaklyk tamamlanandan soň, Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçylarynyň, bagşy-sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde döwrebap we halk aýdymlary belentden ýaňlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi, diýip TDH habar berýär.
Türkmenistan Gazagystandan 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn alar
Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserni Gazagystanyň öňdebaryjy «KSP Steel» kompaniýasy bilen 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn almak boýunça ylalaşyk gazandy. Bu barada Gazagystanyň «QazTrade» Söwda syýasatyny ösdürmek merkeziniň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.