Gazçylaryň zähmet üstünligi
«Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylary hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletimizde tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça berýän tabşyryklary esasynda tutanýerli zähmet çekmek bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny üstünliklere besleýärler.
Konserniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň burawlaýjylary iýun aýynda gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz känindäki 259-njy ulanyş guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny alyp, ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar.
Müdirligiň burawlaýjylary guýynyň buraw işlerini 4 müň 461 metr çuňlukda ýerine ýetirdiler. Olar 4 müň 461 — 4 müň 350 metr aralyklardaky gatlaklardan senagat ähmiýetli gaz akymyny aldylar. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, ulanyş gaz guýusy her gije-gündizde iki million kub metrden köpräk tebigy gaz berýär.
Bu gaz guýusynyň buraw we gurluşyk işlerinde «Galkynyş» gaz käniniň geologik we tehniki häsiýetlerine gabat gelýän Ýaponiýa döwletiniň öňdebaryjy «Sumitomo» kompaniýasynyň oturtma we sorujy-gysyjy turbalary, çüwdürim armaturalary hem-de sütün başlary, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dünýä belli kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly ýerasty enjamlary giňden ulanyldy.
Tejribeli gazçy Berdimyrat Mukymowyň ýolbaşçylygyndaky buraw toparynyň işgärleriniň gaz guýusynda burawlaýyş işlerini üstünlikli geçirip, zähmet üstünligini gazanmaklarynda edaranyň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň hünärmeni Şamuhammet Bäşimowyň, burawlaýjylar Şöhrat Gumlyýewiň, Döwlet Saryýewiň, burawlaýjynyň kömekçileri Bekmyrat Kömekowyň, Şöhrat Humadowyň, himiki derňew laboranty Baýram Annakulyýewiň we beýlekileriň mynasyp goşantlary bar.
«Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary häzirki wagtda «Galkynyş» gaz känindäki 260-njy hem-de 265-nji ulanyş gaz guýularynda-da burawlaýyş işlerini ýokary depginde alyp barýarlar.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylary gaz guýularyny burawlamak hem-de gurluşyk işleri bilen tamamlap, önümçilige girizmek babatda ähli kömek-goldawlary berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar
"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar
«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.