Habarlar

“Aşgabat – binagärlik sungatynyň dürdänesi” atly ylmy makalalar ýygyndysy çap edildi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/8955/original-16734693415099.jpeg

Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanyp Aşgabat şäherinde geçiril halkara sergisiniň we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara maslahatynyň geçirilen döwründe, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan “Aşgabat – binagärlik sungatynyň dürdänesi” atly ylmy makalalar ýygyndysy çap edildi. “Aşgabat – binagärlik sungatynyň dürdänesi” atly ylmy makalalar ýygyndysy Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, alymlarynyň we hünärmenleriniň ylmy makalalaryndan ybaratdyr.

Ýygyndyda neşir edilen makalalar ösüşlere, türkmen ylmynyň abraýyna goşant goşmaga we barlaglaryň netijelerini önümçilikde ornaşdyrmaga we okatmagyň usulyýetinde ulanmaga gönükdirilendir. Ýygyndydaky makalalar esasan, binagärlik we gurluşyk, himiýa, ykdysadyýet pudaklary we beýleki ugurlaryň ylmy, taslama we önümçilik işgärlerine, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna, aspirantlaryna, talyplaryna, şeýle hem giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.

Mekan Abdyýew,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik kafedrasynyň mugallymy.

Başga habarlar
16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.