Ýaş dizaýnerleriň täsin taslamalary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy netijesinde ýaş nesilleriň eşretli hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagynda, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmaklaryna, ylmy we döredijilik işlerine höweslenmeklerine giň ýol açylýar. Diýarymyzda diňe bir ykdysadyýetiň dürli pudaklary bilen birlikde, türkmen medeniýetine hem-de sungatyna uly üns berilýär.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda talyplara şekillendiriş sungatyň ähli görnüşleri boýunça bilim berilýär. Bu sungat ojagymyzda ýaş suratkeş talyplara bilim berýän mugallymlar yhlas bilen zähmet çekip, talyplaryň geljekde öz hünäriniň hakyky eýeleri bolmagy üçin aladalar edýärler. Ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlary we talyplary çeper eserleri bilen ýurdumyzda geçirilýän dürli sergilere gatnaşyp durýarlar. Bu sergilere gatnaşýan ýaş zehinler taryhymyzdan, milli amaly-haşam sungatynyň nusgalaryndan, düýäniň häzirki zaman çeperçilik alymlaryndan ylham alýarlar.
Döredijilik sergiler talyp ýaşlar üçin tejribe hem-de halypalardan görelde almaga nusgalyk mekdep bolup durýar. Şeýle ajaýyp sergileriň biri hem 2016-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda geçirilip gelinýän “Gujurly ýaşlar” atly döredijilik sergisini bellemek bolar. 2024-nji ýylyň başynda “Gujurly ýaşlar” atly talyplaryň we uçurymlaryň döredijilik sergisine badalga berildi. Bu sergä Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýaş mugallymlary, talyplary we uçurymlary gatnaşarlar. Sergide nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik, dizaýn, halyçylyk, zergärçilik, külalçylyk we sungaty öwreniş ugurlary boýunça ajaýyp eserleriň birnäçesi görkeziler.
Sergide görkeziljek dizaýn kafedrasynyň talyplarynyň täzeçil, özboluşly, döwrebap we täsirli taslamalary ünsi özüne çekýär. Dizaýn kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Akjemal Bezirgenowanyň dizaýn taslamasy has täsirli eserleriň biri bolandygyny aýtmak bolýar. Akjemalyň işi toplumlaýyn görnüşde, dörtburç tagtanyň ýüzüne matalaryň üsti bilen ýerine ýetirilipdir. Bu toplumlaýyn taslamasy awtor “Çylşyrymly durmuş”, “Asuda durmuş” hem-de “Sähra çölleri” diýip atlandyrylýar. Suratkeş taslamanyň “Asuda durmuş” atly böleginde, ak reňkli matanyň üsti bilen asuda durmuşymyzy görkezip, ol Ata-Watanymyz Türkmenistanyň asuda, parahat ýaşaýandygyny gelejeginiň aýdyňlygyny ak reňkiň üsti bilen açyp görkezipdir. Taslama çylşyrymly, biri-biri bilen sepleşip gidýän dinamiki şekilleri emele getirip, ol eseriň dartgynlygyny görkezýär. Eserdäki matanyň epinlerinden emele gelen çyzyklar hem göýä durmuşyň inçeden uzyn ýollarynyň bardygynyň aýdyň mysalydyr. Matanyň biri-biri bilen sepleşýän ýerlerinde emele gelen düwünler, ol durmuşyň aýlawly çylşyrymly ýollarynyň bardygyny görkezipdir.
Akjemal Bezirgenowanyň dizaýn taslamasynyň “Çylşyrymly durmuş” atly bölegi “Asuda durmuş” böleginiň gapma-garşy pikirlerini, ýagny durmuşyň kyn hem çylşyrymly pursatlaryny ýatladýar. Onuň bu eseriniň ýerligi gara reňkde bolup, gara matanyň üsti bilen ýerine ýetirilipdir. Awtor bu eseri barada şeýle diýýär: “Her bir adam asuda durmuşy ýaşamak üçin mydama agyr kynçylyklardan, durmuşyň kyn synaglaryndan geçmeli bolýarys. Men hem bu toplum eserimi asudalygy hem-de durmuşyň çylşyrymlylygyny açyp görkezmek üçin döretdim”. Eser bir matanyň üsti bilen işlenilip, ol bir ynsanyň çylşyrymly durmuşynyň mysalynda görkezilipdir.
Awtoryň dizaýn taslamasynyň ýene bir bölegi bolan “Sähra çölleri” diýip atlandyrylyp, ol bu böleginde ymgyr çöllükleri, asuda sähralyklary göz öňüne getirip döredipdir. Eser goňur reňkli matanyň üsti bilen çözülipdir. Goňur reňkli mata göýä Garagum çölüni ýatladyp, onuň epinleri bolsa, tolkun atyp duran, emaý bilen öwüsýän şemalyň ugruna suw kimin akyp gelýän çägäni ýatladyp dur. Awtoryň matanyň üsti bilen döreden, biri-birine sepleşýän şekilleri göýä Garagum çölünde ösýän sazakdyr çerkeziň uzyndan, inçe uzalyp gidýän çybyklaryny, olaryň çyrmaşyp, gumuň içine siňip giden köklerini ýatladýar. Garagum çölünde ösýän ösümlikleriň kökleriniň uzyn bolmagynyň sebäbi hem ýer astyndaky suwdan peýdalanýandyklaryny görkezýär. Eser çylşyrymly bolup, dinamiki dartgynlylygy döredýär.
Akjemal Bezirgenowanyň bu dizaýn toplum eserini çuň many-mazmunlylygy bilen tapawutlanyp, häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň uly ösüşlere ýetendiginiň aýdyň mysaly bolup durýar.
Talyp ýaşlar okamaga, öwrenmäge we döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarlar!
Aýjan Astanowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 4-nji ýyl talyby.

Türkmenistanyň Prezidenti Lebapda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
15-nji oktýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Dabara Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Petronas “OGT 2025” 30-njy halkara sergisiniň we maslahatynyň brilliant hemaýatkäri boldy
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» 30-njy halkara maslahatynyň we sergisiniň (OGT 2025) guramaçylyk komiteti Malaýziýanyň PETRONAS energetika kompaniýasynyň bu möhüm çäräniň brilliant hemaýatkäri bolandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu çäre 2025-nji ýylyň 22–24-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler.

OGT 2025: Türkmenistan dünýä energetikasynda täze döwre gadam basýar
«Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň 30-njy şanly senesi dünýäniň energetika bazarynda ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy hökmünde eýeleýän ornuny tassyklamak bilen, oňa dünýäniň köp sanly döwletlerinden wekilleriň gatnaşýandygyny görkezýär.

Nebitgaz toplumynda «Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda «Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Сотрудники «Nebitgazylmytaslama» способствуют росту добычи нефти в Туркменистане
«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň gatlagyň fizikasy barlaghanasynyň müdiri Ýazberdi BÄŞIMOW: