USAID-iň YDA taslamasy Mary şäherinde IT ugurlary boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlady
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň Marydaky 2-nji tapgyryny üstünlikli tamamlady. Maksatnama “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň “Algoritm” okuw merkezi bilen hyzmatdaşlykda 2024-nji ýylyň maý-noýabr aralygynda amala aşyryldy.
USAID-iň YDA taslamasynyň “TechYouth Bootcamp” maksatnamasy IT ugurlar boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir we “bootcamp” formatynda “doly çümmek” görnüşinde intensiw kurslaryny öz içine alýar. Maksatnamanyň esasy maksady ýaşlara hünär almaga we işe ýerleşmäge mümkinçilik bermek.
Bu maksatnama 2022-nji ýylda başlandy we şondan bäri Aşgabatda, Maryda we Türkmenabatda üstünlikli amala aşyryldy.
2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 19-da “Akylly hyzmat” HJ-niň “Algoritm” okuw merkezinde “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň Marydaky 2-nji tapgyryny uçurymlaryna okuwy üstünlikli tamamlandyklary barada şahadatnamalary gowşurylyş dabarasy baýramçylyk ýagdaýda geçirildi. Dabara ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisiniň orunbasary Ändrü Bördi we ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Türkmenistandaky Wekili Jeffreý Skarin gatnaşdylar.
Alty aýlyk maksatnamanyň dowamynda gatnaşyjylaryň 35-si şu ugurlaryň biri boýunça hünar aldylar: “IT ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek we dolandyrmak” ýa-da “Grafiki dizaýny”. IT ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek we dolandyrmak boýunça kursy kompýuter ulgamlary tehnologiýalarynyň esaslaryny, serwerleri dolandyrmak, maglumatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek we ulanyjylara tehniki goldaw bermek ýaly meseleleri öz içine aldy. Gatnaşyjylar serwerleri sazlamak we dolandyrmak, şeýle-de IT infrastrukturasyna degişli meseleleri çözmek ýaly ugurlarda başarnyklaryna eýe boldular. Grafiki dizaýny kursy kompozisiýanyň esaslaryny, reňk nazarýetini, grafiki redaktorlary (meselem, Adobe Photoshop we Illustrator) ulanmak, logo we brending materiallaryny döretmek, şeýle-de çap edilýän we sanly önümler üçin maketleri işläp taýýarlamak ýaly temalary öz içine aldy. Iki kurs hem leksiýalary amaly sapaklary bilen utgaşdyrdylyp geçirildi, bu bolsa gatnaşyjylara ýerli kompaniýalar üçin hakyky taslamalarynyň üstünde işlemek mümkinçiligini berdi.
Maksatnamanyň Marydaky 2-nji tapgyrynyň uçurymlarynyň 35-si zähmet bazarynda isleg bildirilýän hünarlerine eýe boldular. Olaryň ýarysyndan gowragy eýýäm ýerli kompaniýalara işe ýerleşdiler we galanlarynyň köpüsi ýakyn hepdelerde işe girerler diýip garaşylýar.
USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň indiki tapgyrlaryny ähli welaýatlarda amala aşyrmagy meýilleşdirýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.