Habarlar

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/9203/original-1676148551ec42.jpeg

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde geçirildi. Bu treninga grafiki dizaýn, programmirleme, terjimeçilik işi, sözleýşiň bozulmalaryny düzetmek, sosial medialarda mahabatlandyrmak we beýleki häzirki zaman ugurlarynda tejribesi bolan ýaş hünärmenleriň 24-si gatnaşdy.

Treningiň maksady, gatnaşyjylara halkara derejede öňdebaryjy frilanserlik meýdançalarynda (Upwork, Freelance, TopTal we ş.m.) üstünlikli işlemäge zerur bolan nazary we amaly bilimleri hem-de başarnyklary bermekden ybarat boldy. Gatnaşyjylar frilanserlik işi boýunça taslamalary tapmak, müşderiler bilen aragatnaşygy guramak, öndürijiligi ýokarlandyryjy gurallaryny (Airtable, Asana) ulanmak, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň bahasyny kesgitlemek, töleg usullaryny ulanyp bilmek, şahsy brendini döretmek ýaly ugurlarda bilim aldylar. Şeýle-de olar frilanserlik işinde ýüze çykýan meseleleri we olaryň çözgüt ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Okuw meýilnamasy gibrid formatda J.E. Austin Associates kompaniýasynyň halkara bilermeni Havier Moraledanyň gatnaşmagynda geçirildi. 7-nji dekabrda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde frilanserlik işi boýunça geçirilen trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlan gatnaşyjylara sertifikat gowşurylyş dabarasy boldy.

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasynyň (YDA) çäginde geçirilen frilanserlik işi boýunça trening meýilnamasy gatnaşyjylara diňe bir tehniki başarnyklary bermek bilen çäklenmän, olaryň innowasion, uýgunlaşma we sanly ykdysadyýetiň çalt ösüşine görä özgerýän pikirleniş ukybyny hem ösdürdi.

Bu maksatnama Türkmenistanda täze başlan frilanserleriň jemgyýetiniň döredilmegine, bilelikdäki ösüşe we tejribe, resurslaryň alyş-çalşyna mümkinçilik döretmäge ýardam berer. Şeýle-de, bu hyzmat eksportynyň ulgamynyň ösmegine goşant goşar.

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) ýakyn geljekde Türkmenistanda online-frilanserligi ösdürmek ugrunda işi dowam etdirmekligi meýilleşdirýär.

Başga habarlar
16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.