
On aýyň jemine garaldy
16.11.20 - 17:40Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda wideomaslahat görnüşinde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirilip, onda toplumyň düzümine girýän konsernlerde, korporasiýada, birleşiklerde we müdirliklerde hem-de edara-kärhanalarda alnyp barlan işlere baha berildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Türkmenistan GDA-nyň giňişliginde we onuň çäginden daşarda ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny goldaýar
16.11.20 - 17:17Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen anna güni geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow eden çykyşynda Türkmenistanyň ýanaşyk sebitlere çykmak bilen GDA-nyň giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň pugtaladyrylmagy ugrunda çykyş edýändigini nygtady. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda täze Ýokanç keseller hassahanasy ulanmaga berildi
15.11.20 - 13:56Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda täze Ýokanç keseller hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Halkara ylmy maslahat Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen özara hyzmatdaşlygyna bagyşlanar
14.11.20 - 10:48Şu ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar hem-de Taryh we arheologiýa institutlarynyň guramagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli onlaýn görnüşindäki “Bitarap Türkmenistan-ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara ylmy maslahaty geçiriler.

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň hormatyna birnäçe çäreler meýilleşdirildi
14.11.20 - 00:18Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň hormatyna paýtagtymyzda hem-de Diýarymyzyň welaýatlarynda ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary, bäsleşikler, aň-bilim we sport çäreleri, media-maslahatlar guralar.

Diýarymyzda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergisi we ylmy-amaly konferensiýalary geçiriler
13.11.20 - 22:32Diýarymyzda 1-10-njy dekabr aralygynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergisi geçiriler. Halkara forumynda ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça gazanylan üstünlikleriniň gözden geçirilişi gurnalar.

“Türkmentelekom” kompaniýasynyň hünärmenleri milli elektron poçtasyny döretmek üçin programma üpjünçiligini işlep taýýarladylar
13.11.20 - 21:49“Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan täzedöwrebap milli elektron poçtasyny döretmek üçin programma üpjünçiligini işlenip taýýarladylar we ony synagdan geçirýärler.

Yslam korporasiýasy ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin 10 million amerikan dollary bermek baradaky teklibini hödürledi
13.11.20 - 14:21Hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy (IСD) COVID-19 pandemiý döwründe ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin 10 million amerikan dollary möçberinde maliýe serişdelerini bermek baradaky teklibini hödürledi.

Halkara maslahat ýangyç-energetika toplumynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin wajyp çärä öwrüler
13.11.20 - 13:291-nji dekabrda onlaýn görnüşinde, Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli, “Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir” atly halkara maslahatyny geçiriler.

Türkmenistanda agramy 27 kilogram 134 grama barabar äpet hyýar ýetişdirildi
12.11.20 - 23:19Lebap welaýatynyň Saýat şäheriniň ýaşaýjylary Hemra we Zöhre Babaýewler bakjasynda agramy 27 kilogram 134 grama barabar hyýar ýetişdirdiler. Onuň uzynlygy 96 santimetre, iň ýogyn ýeriniň daşynyň aýlawy bolsa 83 santimetre ýetýär, -diýip jeyhun.news habar berýär.

Magtymguly şaýolunyň tegelek görnüşli ýol çatrygynda “Türkmen alabaýy” atly heýkel oturdyldy
12.11.20 - 15:45Magtymguly şaýolunyň tegelek görnüşli ýol çatrygynda “Türkmen alabaýy” atly heýkel oturdylypdyr.

Aşgabatda ähli amatlyklary bolan öýleriň açarlaryny 1008 maşgalasy aldylar
11.11.20 - 22:10Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly iri desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň (TDH) hem-de Hindistanyň (ANI) habarlar agentliginiň arasynda habarlary alyşmak hakynda Ähtnama gol çekildi
10.11.20 - 10:43Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) hem-de Hindistanyň iri Asian News International (ANI) habarlar agentliginiň arasynda habarlary alyşmak hakynda Ähtnama gol çekildi.

Ahal welaýatynda döwrebap 4 gatly ýaşaýyş jaýynyň açylyşy boldy
08.11.20 - 21:49Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Magtymguly” daýhan birleşiginde gurlan, saglygy goraýyş işgärleri üçin niýetlenilen döwrebap 4 gatly ýaşaýyş jaýynyň açylyşy boldy.

Arçabil şaýolunyň ugrunda beýikligi 25 metre barabar bolan “Saglyk” binasy açyldy
08.11.20 - 10:49Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda, Arçabil şaýolunyň ugrunda — “Bagabat” şypahanasyna alyp barýan ýoluň esasy çatryklarynyň birinde gurlan “Saglyk” binasy açyldy.