
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda muzdsuz suwuklandyrylan gaz ibermek hakynda tabşyryk berdi
08.02.23 - 22:11Türkmenistan gyş möwsüminde ýangyç çig malynyň ýetmezçiligi zerarly kynçylyk çeken Özbegistana goldaw bermek üçin bu ýurda suwuklandyrylan gaz iberer.

Pekinde türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
08.02.23 - 22:05Pekinde Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew Sianyň Nebit uniwersitetiniň Halkara bilim kollejiniň we Ýüpek ýolunyň energetika kollejiniň direktory hanym Don Hao bilen duşuşdy. Bu barada Orient habar berýär.

Türkmenistan Türkiýä derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri we dokma önümlerini iberdi
08.02.23 - 11:217-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli ýertitremäniň netijesinde ejir çeken dostlukly döwletiň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Ynsanperwerlik ýüki derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybaratdyr. Şeýle-de Türkiýä lukmanlar ugradyldy. Olar ejir çekenlere kömek berýän kärdeşlerine zerur bolan ýardamy bererler.

Azerbaýjan Türkmenistan we Türkiýe bilen ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygy tassyklady
07.02.23 - 22:44Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistan we Türkiýe bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygy tassyklady diýip, Trend agentligi ýazýar. Karara laýyklykda, Azerbaýjanyň Maliýe ministrligine 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe sammitinde üç ýurduň döwlet Baştutanlarynyň makullan ylalaşygynyň düzgünlerini durmuşa geçirmeklik tabşyryldy.

Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň wekilleri ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
07.02.23 - 22:30Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýranyň Daşary işler ministriniň konsullyk, mejlis we eýranlylaryň işleri boýunça orunbasary Alireza Bikdeli bilen geçiren duşuşygynda syýasy-ykdysady, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe we Siriýa Arap Respublikalaryň Prezidentilerine gynanç bildirdi
07.02.23 - 16:05Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al-Asada ýurtlarynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we giň möçberli weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
07.02.23 - 15:51Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň netijeleri maslahatlaşyldy
06.02.23 - 21:46Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçen anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýanwarda Türkmenistanyň jemi içerki önümi 6,2% ösdi
06.02.23 - 21:39Ýanwar aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy. Bu barada wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti: ýanwarda 2 mlrd manatdan gowrak maýa goýum serişdeleri özleşdirildi
06.02.23 - 21:34Ýanwarda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna Türkmenistan boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2 milliard manatdan gowrak boldy. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 9,1 göterim artykdyr diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni Hökümet mejlisinde aýtdy.

«Türkmen halkynyň Milli Lideri — milli jebisligiň we mäkäm döwletliligiň daýanjy»
04.02.23 - 21:25Şeýle at bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda dabaraly maslahat geçirildi. Oňa «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» DK-nyň pudaklaýyn edara-kärhanalarynyň zähmet köpçüligi, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Dabarany Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow açdy.

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna maýa goýumlary çekmek boýunça Dubaýda Halkara roud-şou üçin hasaba almaklyk açyldy
03.02.23 - 15:35«Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şou» üçin hasaba almaklyk açyldy diýip, 26-27-nji aprelde Dubaýda geçiriljek çäräniň guramaçylary habar berdiler. Forumy gurnaýjylaryň hatarynda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, şeýle hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldamagynda «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýärler.

BP-niň Hazar sebitindäki meýilnamalary türkmen gazynyň Ýewropa eksportynyň geljegini berkider
03.02.23 - 15:31Ýakynda BP kompaniýasy Hazar sebitinde hereket edýän nebit we gaz känlerinde geljek işläp taýýarlamalary babatda iki sany metbugat beýanyny çap etdi. Turkmen Forum kompaniýasynyň bilermenleriniň pikirine grä, bu meýilnamalar Türkmenistandan Ýewropa tarap tebigy gazyň eksportyny guramak üçin mümkinçilikleri berkider.

«Abraýly dostlar» ýerli çig maldan polipropilen sapaklarynyň önümçiligini ýola goýdy
03.02.23 - 07:33Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän «Abraýly dostlar» kärhanasy polipropilenden multifilament teksturirlenen ýüplük, tow berilen we tehniki ýüpleri öndürip başlady. Bu barada «Biznes Türkmenistan» internet neşiri habar berýär.

Türkiýäniň Rönesansy Türkmenistanda gazdan benzin öndürmek boýunça taslamanyň ikinji tapgyryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär
03.02.23 - 07:25Rönesans Holding türk toparynyň kompaniýalarynyň biri bolan Rönesans Endüstri Tesisleri Türkmenistanda Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça ikinji zawodyň taslamasy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Bu barada Bloomberg HT habarlar agentligi habar berdi.